Daşary ykdysady iş banky ýene-de bank kartlaryndan daşary ýurtlarda pul nagtlaşdyrmak mümkinçiligine çäklendirme girizdi. Indi ýurduň raýatlary aýda 500 dollardan köp bolmadyk möçberde pul nagtlaşdyryp bilerler. Ýagny, günlük limit 15-16 dollar. Diňe studentlere we daşary ýurtda bejergi alýan näsaglara bu kadadan çykmaga rugsat berilýär. Bu kategoriýadaky adamlar, ozalkylary ýaly, daşary ýurda aýda 1000 dollara çenli geçirip bilerler. Ýöne munuň hem şertleri gaty kynlaşdy. Studentler okaýan döwletlerindäki Türkmenistan konsollyga gidip "gök peçat" goýdurmaly. Ýöne Türkmenistan konsollygy ähli döwletlerde ýok, bolan ýerlerinde-de diňeje paýtagt şäherlerde bar.
Hakykat ýüzünde bolsa, örän köp türkmenistanly söwda edip, plastiki kart bilen hasaplaşmakçy bolanda problema uçraýar. Kartlar arkaly töleleg edilende, gije-gündizdäki çäkden geçilmedigem bolsa, tölegleriň ýarysyna golaýy geçmeýär. Türkiýedäki bankomatlaryň öňünde pul nagtlaşdyrmaga çalyşýan türkmenistanly raýatlaryň uly nobatlary döreýär.