Türkmenistanyň prezidenti jaýlarda gaz ölçeýjileri oturtmagy tabşyrdy

+4 ses
125
Awtor: (Magistr) | Kategoriýa: Habarlar | 24.12.2017 07:21 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#105)
Türkmenistanyň hökümetiniň 22-nji dekabrda geçirilen mejlisinde energiýa netijeliligini we energiýa tygşytlamagy ýokarlandyrmak zerurlygy nygtaldy.
Türkmenıstan Döwlet Habar gullygynyň maglumatyna görä, “energiýa serişdeleriniň netijeliligini, olaryň tygşytlanylyşyny ýokarlandyrmak ýaşaýyş jaý toplumy üçin hem wajyp bolup durýar”. Sebäbi, energiýa serişdelerini, şol sanda tebigy gazy we elektrik energiýasyny harçlaýanlaryň köp bölegi hut şu ulgama degişlidir.
Şunuň bilen baglylykda, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow “häzirki zaman energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary, şeýle hem “mawy ýangyjyň” ulanylyşyny hasaplaýan ulgamy önümçilik we durmuş pudaklarynda mundan beýläk-de ornaşdyrmak boýunça wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi”.
Ýatladýarys, şu ýyl Türkmenistanda sosial ýeňillikler ýatyryldy we ýurtda 1-nji noýabrdan bäri jemagat hojalygy hyzmatlarynyň täze nyrhlary işleýär. Şondan soň häkimiýetler ilatdan jemagat hojalygy serişdelerini ulanyşlaryny kesgitlemek üçin ölçeýji enjamlary oturtmagy talap etdiler.

ÇEŞME: Türkmenistanyň Hronikasy

12 Teswir

0 ses
Awtor: (Talyp) | 01.06.2026 13:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#6330)
Oglanlar, bu gaz ölçeýjileri öz hasabymyza goýdurmaly bolarmyka ýa-da döwlet özleri bolar öýdýärsiňiz? Şeýle çykdajylar maşgala býujetine ep-esli täsir edýär, öňünden bilmek kyn.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 03.06.2026 05:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#6488)
nazaroff, şeýle enjamlaryň oturdylmagy indi köp maşgalalara goşmaça çykdajy bolar öýdýän, özüňiz näme pikirdesiz?

Bu Entryni Paýlaş !

  1. bet-turkmen (104 oçko)
  2. josgun (103 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...