Türkmenistanda 2024-nji ýyla çenli daşary ýurt dillerini okatmagyň sistemasy dörediler

+2 ses
183
Awtor: (Magistr) | Kategoriýa: Habarlar | 24.12.2017 07:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#106)
Türkmenistan döwletimiz Garaşsyz bolanyndan bäri 26 ýyl geçdi. Biziň bilen bile Garaşsyz bolan Azerbeýjan, Özbegistan, Gazagystan, we Gyrgyzystan eýýäm 10-15 ýyldan bäri daşary ýurt dillerini okatmak we öwretmek boýunça effektiw meýilnamalary berjaý edip gelerkä, Türkmenistan ine 2 gün öň bu meýillanamany tassyklady. 22-nji dekabr 2017-de, Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň mejlisiniň dowamynda wise-premýer Sapardurdy Toýlyýew daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň üç tapgyrda amala aşyryljak konsepsiýasyny hödürledi.
Ilkinji tapgyrda, 2018-nji ýylda daşary ýurt dilleriniň okadylyşynyň usulyýetiniň we usulyýet üpjünçiliginiň halkara tejribesini öwreniler we daşary ýurt dillerini okatmagyň döwlet standartlaryny, okuw meýilnamalaryny we maksatnamalaryny kämilleşdiriler.
Ikinji tapgyrda, 2019-2020-nji ýyllarda daşary ýurt dilleri boýunça mugallymçylyk işgärlerini taýýarlamagy we gaýtadan taýýarlamagy kämilleşdiriler, jemgyýetiň ösýän zerurlyklaryna laýyklykda daşary ýurt dillerini öwretmegiň okuw usulyýet binýadyny döwrebaplaşdyrylar, şeýle hem Konsepsiýanyň durmuşa geçirilişine gözegçiligi üpjün etmek maksady bilen gözegçiligi geçiriler.
Üçünji tapgyrda, 2021-2024-nji ýyllarda daşary ýurt dillerini okatmagyň üznüksiz, yzygiderli we özara baglanyşykly ulgamyny kemala getiriler.
Ýatladýarys, geçen ýyl dil ugurlary boýunça Türkmenistanyň iň saýlanan uniwersitet Halkara Türkmen-Türk Uniwersiteti ýapyldy. 1 hepde öň hem Türkmenistandaky ykdysady krizis sebäpli student talyplaryň stipendiýalarynyň ýatyryljakdygyny, talyplara bu barada "Men öz alýan talyp hakymdan ýüz öwürýärin. Sebäbi meniň talyp hakyna mätäçligim ýok" arza ýazdyrýarlar diýip habarlar çykdy. Bilime maýa goýmasaň, döwlet ösmez.

https://gyzgyn.e-dostluk.com/98/turkmenistanda-talyplaryn-stipendiyalary-togtadylyar

13 Teswir

+2 ses
Awtor: (Talyp) | 12.04.2026 11:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2507)
Bilim pudagyndaky bu üýtgeşmeler gowy zat ýaly görünse-de, talyplara edilýän basyşlar we okuw jaýlarynyň ýapylmagy meni hem biynjalyk edýär. Görüp otursak, näçe meýilnama düzülse-de, hakykata göz ýumup bolmaýar ahyryn.
0 ses
Awtor: (Talyp) | 13.04.2026 08:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2589)
nazaroff dogry aýdýarsyň, bilime maýa goýulmasa ösüş bolar diýip pikir etmeýärin. Gynansakda, häzirki ýagdaýda studentlere kyn düşýän ýaly.
0 ses
Awtor: (Talyp) | 17.04.2026 17:19 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2818)
Bilim pudagyndaky bu üýtgeşmeler hakykatdanam düşündirip bolmajak ýagdaý. Okadyş usulyýetini kämilleşdirmäge synanyşýarkalar, ýöne talyplaryň ýagdaýy barada eşidenimiz bolsa gaty gynandyryjy.

Bu Entryni Paýlaş !

  1. nazaroff (586 oçko)
  2. semiz-we-aynekli (349 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...