ABŞ türkmen pagtasynyň importyny gadagan etdi

+5 ses
135
Awtor: (Magistr) | Kategoriýa: Habarlar | 28.05.2018 04:41 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#133)
ABŞ Türkmenistanda öndürilen pagta we bu ýurduň pagtasyndan taýýarlanan önümleriň ähli görnüşiniň ýurda import edilmegine gadagançylyk girizdi. Sebäbi bolsa pagta önümlerinde çaga we mejbury zähmetiň ulanylmagy diýlip gözkezildi.
Adam hukuklaryny goraýan birnäçe guramalardan emele gelen “Cotton Campaign” bileleşigi ABŞ-nyň türkmen pagtasy baradaky kararyny gutlady.
Türkmenistan ýaly ýurtlarda gowaça meýdanlarynda çagalaryň, mugallymlaryň, saglyk işgärleriniň we beýlekileriň mejbury işledilmegi ýaly faktlara halkara derejesinde iş alyp barýan hukukçy aktiwistler, şol sanda “Cotton Campaign” hem ullakan alada bildirip gelýärler.
Mundan owal, dünýäniň belli, şol sanda H&M, IKEA ýaly söwda markalary hem, mejbury zähmetiň ulanylýandygy sebäpli, türkmen pagtasyndan ýüz öwrüpdiler.
ÇEŞME: Türkmenistanyň Hronikasy

13 Teswir

+1 ses
Awtor: (Talyp) | 16.05.2026 00:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#5008)
nazaroff bu gaty gynançly ýagdaý, halkymyzyň zähmetiniň gadyryny bilýän ýok. Meniňem daýymlar oba ýerinde köp ýyllar şol işlere gatnaşmaly boldular, ýagdaý düzelermikä diýip garaşýarys.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 22.05.2026 09:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#5603)
Bu ýagdaýa gynansak-da, pagta pudagyndaky zähmet şertleri uzak wagtdan bäri adamlary biynjalyk edýärdi. Indi bu ýagdaý üýtgärmikä diýip pikir edýärsiňizmi?
0 ses
Awtor: (Talyp) | 22.05.2026 22:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#5654)
Bu ýagdaý ýurdumyzyň ykdysadyýetine erbet täsir eder öýdýärin. Hakykatdanam pagta meýdanlarynda mejbury zähmet barmyka ýa-da bu düýbünden başga bir syýasatmy?

Bu Entryni Paýlaş !

  1. nazaroff (465 oçko)
  2. bet-turkmen (444 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...