Berdimuhamedow Türkiýäniň Prezidenti Rejep Ärdogany gutlady

+2 ses
274
Awtor: (Magistr) | Kategoriýa: Habarlar | 26.06.2018 09:13 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#160)
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Rejep Taýyp Ärdogana Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanmagy mynasybetli mähirli we doganlyk gutlaglaryny ýollady. Milli Liderimiziň gutlag hatynda belleýşi ýaly, doganlyk türk halkynyň saýlawy Rejep Taýyp Ärdoganyň ýurtda syýasy we durmuş durnuklylygyny, ykdysady ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen ýoluna ýokary ynamynyň we goldawynyň şaýady bolup durýar. “Siziň parasatly we öňdengörüjilikli ýolbaşçylygyňyzda ýurduňyzyň has-da uly üstünlikleri gazanjakdygyna, şeýle hem halkara derejede öz abraýyny pugtalandyrjakdygyna ynanýaryn. Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky däp bolan dost-doganlyk hem-de özara hormat goýmagyň baý tejribesine esaslanýan mähirli we ynanyşykly gatnaşyklaryň halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we berkidiljekdigine ynanýaryn” diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. Döwlet Baştutanymyz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Rejep Taýyp Ärdogana tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, şeýle hem doganlyk Türkiýe Respublikasynyň öňe gitmeginiň we gülläp ösmeginiň hatyrasyna ýokary döwlet wezipesinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

16 Teswir

+1 ses
Awtor: (Doktor) | 05.06.2026 19:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#6732)
Iki dogan ýurduň arasyndaky gatnaşyklar hemişe berk bolsun. Türkiýe bilen hyzmatdaşlygymyzyň mundan beýläk-de ösmegini isleýärin.
+1 ses
Awtor: (Magistr) | 06.06.2026 04:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#6763)
Iki dogan il ýaly, aramyzdaky dostlukly gatnaşyklar hemişe berk bolsun. Türkiýe bilen bolan hyzmatdaşlygymyz biziň üçin örän möhüm.
+2 ses
Awtor: (Magistr) | 07.06.2026 11:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#6884)
Iki dogan ýurduň arasyndaky gatnaşyklar hemişe berk bolsun. Türkiýe bilen hyzmatdaşlygymyzyň mundan beýläk-de ösmegini isleýärin.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 03.07.2026 23:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#9412)
Iki dogan döwletiň arasyndaky gatnaşyklar hemişe berk bolsun. Gaty gowy habar, ýollarymyz elmydama açyk bolsun.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 15.08.2026 11:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#13451)
Iki doganlyk ýurduň arasyndaky gatnaşyklar hemişe pugta bolsun. Hakykatdanam, Türkiýe bilen hyzmatdaşlygymyz biziň üçin örän wajyp.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 18.08.2026 16:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#13759)
Merdan96, dogry aýdýarsyň, doganlyk ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar hemişe berk bolmaly. Ärdoganyň ýeňşi iki halk üçin hem haýyrly bolsun.

Bu Entryni Paýlaş !

Kategoriýalar

  1. nazaroff (376 oçko)
  2. merdan96 (337 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...