Dünýä futbolyndan soňky transferler (Awgust 2018)

+4 ses
406
Awtor: (Doktor) | Kategoriýa: Sport | 05.08.2018 12:39 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#179)
“Milan” topary “Ýuwentusyň” argentinaly hüjümçisi Gonzalo Higuaini 1 ýyllyk kärendesine öz düzümine goşdy. 30 ýaşly hüjümçini “Milan” islän ýagdaýynda geljek ýyl 36 million ýewro baha transfer edip biler. Higuain 2 möwsüm öň “Napoliden” “Ýuwentusa” 90 million ýewro transfer bolupdy. Şeýle-de 2017-nji ýylyň tomsunda “Ýuwentusdan” “Milana” geçen 31 ýaşly Leonardo Bonuççi täzeden öňki klubuna dolandy. “Milan” Bonuççiniň öwezine “Ýuwentusyň” 24 ýaşly ýarymgoragçysy Mattia Kaldarany aldy.
Dünýä çempionatynyň ýyldyzlaryndan russiýaly Aleksandr Golowin Moskwanyň SSKA toparyndan Fransiýanyň “Monako” klubuna transfer boldy. 22 ýaşly oýunçy täze topary bilen 5 ýyla niýetlenen şertnama baglaşdy. Oýunçynyň transfer bahasy-da resmi däl maglumatlara görä, 30 million ýewro bolup, ol Russiýanyň rekordyna deňdir.
Madridiň “Atletiko” topary gollandlaryň PSW klubundan kolumbiýaly sag gyraky goragçy Santiago Ariasy transfer etdi. 26 ýaşly oýunçy ispan klubunda 2023-nji ýyla çenli oýnar. Transferiň bahasy barada iki tarapam dil ýarmady. Şeýle-de “Atletiko” ozalky sag gyraky goragçysy, horwatiýaly Same Wrsalkony “Intere” kärendesine ugratdy.
Iňlis kluby “Ewerton” ispanlaryň “Barselonasyndan” fransiýaly çep gyraky goragçy Luka Din bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşdy. 25 ýaşyndaky oýunçy üçin “Ewerton” 18 million funt sterlingi “Barselona” tölär. “Ewerton” ondan öňem “Watford” toparyndan braziliýaly hüjümçi Riçarlisony 40 million ýewro transfer edipdi. Italiýanyň “Lasio” topary “Sewilýadan” 23 ýaşly ýarymgoragçy Hoakin Korreany 16 million ýewro transfer etdi. Argentinaly oýunçy rimliler bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşdy. Şeýle-de, “Lasio” kluby “Fiorentina” bilen şertnamasy tamamlanan 29 ýaşyndaky horwatiýaly ýarymgoragçy Milan Badelži hem düzümine goşdy.

24 Teswir

0 ses
Awtor: (Doktor) | 29.09.2026 01:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#17547)
Sag bol durdy, transfer habarlary gyzykly eken. Higuainiň Milana geçmegine henizem ynananokdym, göräris özi özüni görke näme eder.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 01.10.2026 02:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#17724)
Higuainin Milana geçmegi hakykatdanam garaşylmadyk zat boldy. Umuman boldy. Göräýmeli, bu möwsüm A seria juda gyzykly geçege meňzeýär.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 01.10.2026 21:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#17795)
Higuainin Milana geçmegi hakykatdan hem garaşylmadyk zat boldy. Umuman, bu tomus transfer bazar ýaman gyzgyn geçdi, göräýmeli oýunlar köp bolar öýdýän.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 02.10.2026 07:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#17836)
Higuainin Milana geçmegi meni ep-esli geň galdyrdy, göräýmeli bu möwsüm olar üçin nähili bolar. Bonuççiniň yzyna dolanmagy hem Ýuwentus üçin gowy transfer boldy öýdýärin.

Bu Entryni Paýlaş !

Kategoriýalar

  1. josgun (75 oçko)
  2. semiz-we-aynekli (68 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...