Özbegistan-Siriýa duşuşygyna türkmenistanly eminler eminlik etdi

+4 ses
353
Awtor: (Magistr) | Kategoriýa: Sport | 08.09.2018 09:53 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#188)
FIFA derejeli eminimiz Çarymyrat Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky eminler topary 6-njy sentýabr 2018 Daşkent şäherindäki Milli stadionda Özbegistanyň hem-de Siriýanyň milli ýygyndylarynyň arasynda geçiriljek ýoldaşlyk duşuşygyna eminlik etdiler.

Bu duşuşykda Ç.Gurbanowa Pälwan Pälwanow bilen Ahmet Beknazarow ýardam berdi. Bu duşuşyk özbek ýygyndysynyň täze tälimçisi Kuperiň ýolbaşçylygynda geçiren ilkinji duşuşygy bolup, duşuşyk 1-1 hasap bilen deňme-deňme tamamlandy. Özbegistan milli ýygyndysynyň golyny duşuşygyň 63-nji minudynda 11 meterlik jerime urgusyndan Marat Bikmaýew geçirdi. Siriýa milli ýygyndysynyň adyna bolsa pökgini duşuşygyň 78-nji minudynda Omar Al Soma geçirdi.

22 Teswir

0 ses
Awtor: (Magistr) | 30.08.2026 21:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#14920)
Bizden eminleriň şeýle halkara duşuşyklarda işlemekleri guwandyryjy ýagdaý. Çarymyrat Gurbanowyň we toparynyň geljekde has uly ýaryşlarda hem eminlik etmegini isleýärin.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 01.09.2026 23:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#15114)
Durdy, habaryň üçin sag bol, türkmen eminleriniň halkara derejesinde işlemegi gaty gowy zat. Görüp otursak, Kuperiň hem ilkinji synagy başa barmandyra,armandyr öýdýän.

Bu Entryni Paýlaş !

Kategoriýalar

  1. durdy (165 oçko)
  2. semiz-we-aynekli (154 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...