Berdimuhamedow Aşgabatdaky täze gurluşyk işlerini barlady

+4 ses
103
user-avatar-image Awtor: (Magistr) | Kategoriýa: Habarlar | 09.09.2018 13:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#190)
4-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň haýyşy boýunça dikuçarda paýtagtymyzda alnyp barylýan iri gurluşyklaryň, birnäçe desgalaryň, şäheriň durmuş düzümini ösdürmek, abadanlaşdyrmak boýunça maksatnamanyň iş ýüzünde ýerine ýetirilişi bilen tanyşdy. Milletiň Lideri uçuşyň dowamynda paýtagtymyzyň ekologiýa ýagdaýyna aýratyn üns berdi.
Döwlet Baştutanymyz dikuçaryň ýanynda paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde bina edilen we gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy. Paýtagtymyzyň häkimi hormatly Prezidentimiziň garamagyna ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň gurluşygy bilen bir hatarda, söwda merkeziniň, Parahat — 7 ýaşaýyş toplumynda gurluşygy tamamlanan metjidiň görnüşini, beýleki desgalaryň taslamalaryny, şeýle hem täze döwrebap myhmanhananyň ýerleşjek ýeriniň çyzgylaryny görkezdi.
Soňra milletiň Lideri dikuçarda paýtagtymyzy ösdürmegiň 15-nji tapgyrynda bina edilen ýaşaýyş jaý toplumlarynyň gurluşygynyň ýagdaýy,  Bekrewe ýaşaýyş toplumyna gidýän ýoluň ugrunda gurulýan Ýanyk şikeslerini bejeriş merkezinde alnyp barylýan işleriň derejesi, şäheri ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň çäklerinde gurluşygy batly depginde alnyp barylýan ýer bolan Köşüdäki gurluşyklar we beýleki ýerler bilen tanyşdy. Şeýle hem döwlet Baştutany paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasy bilen “Nusaý” döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň ýadygärlikler toplumynyň aralygynda ýerleşýän baýryň üstünde täze myhmanhanany gurmak boýunça tabşyryk berdi.
Soňra döwlet Baştutany Çandybil şaýolunyň ugrunda gurulýan desgalaryň gurluşygy, Parahat — 7 ýaşaýyş toplumynda alnyp barylýan işler, Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň ugrunda umumy eýeleýän meýdany 10 gektara barabar bolan täze “Garagum” myhmanhanasynyň ýerleşjek ýerleri bilen hem tanyşdy. Milletiň Lideri bu ýerde häzirki zaman söwda merkeziniň we hyzmat ediş binalary bolan işewürlik merkeziniň gurulmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.
Şu ýerde 320 orunlyk çagalar bagynyň, 720 orunlyk orta mekdebiň, söwda we dynç alyş merkeziniň, Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň ugrunda täze edara binalarynyň gurluşygy meýilleşdirildi. Şeýle hem bu ýerde eýeleýän meýdany 10 gektara golaý bolan seýilgäh toplumy gurlar. Onuň merkezi böleginde Oguz hanyň ýyldyzy şekilinde ýerleşdirilen suw çüwdürimler toplumy bina ediler.
Şeýle hem döwlet Baştutany paýtagtymyzyň Halkara howa menziliniň golaýyndaky könelişen we häzirki zaman jemagat hojalygy gulluklarynyň talabyna laýyk gelmeýän şertleri bolan jaýlaryň ugrunda döwrebap seýilgäh zolagynyň döredilmelidigine ünsi çekdi. Şäheriň ilaty ýokary derejeli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün edilmelidir.
Soňra milli Liderimiz Ahal welaýatynyň çäginde ýerleşen Owadandepede gurulýan tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň gurluşygy bilen hem tanyşdy.

11 Teswir

+2 ses
Awtor: (Magistr) | 29.03.2026 00:30 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1196)
Şäherimiz günsaýyn gözelleşýär, täze seýilgähler we myhmanhanalar şäheriň keşbini has hem baýlaşdyrar. Diňe gurluşyk däl-de, bar bolan seýilgähleriň we ýollaryň hem yzygiderli abat saklanmagyna üns berilse gowy bolardy.
+2 ses
Awtor: (Magistr) | 02.04.2026 13:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1622)
gyzgyn, gürrüňi edilýän täze seýilgähler we myhmanhanalar şäherimizi hasam gözelleşdirer öýdýärin. Görüp otursak, Aşgabat gün-günden ösýär, emma Parahat-7 töwereginde ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy haçan doly tamamlanarka?
+2 ses
Awtor: (Magistr) | 07.04.2026 04:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2056)
Gyzgyn, täze gurluşyklar hakykatdan hem şäherimiziň keşbini barha gözelleşdirýär, ýöne şol ýaşaýyş jaýlarynyň bahalary hem elýeterli bolsa gowy bolardy. Täze seýilgähler we çagalar baglary gurlan wagty ýaş maşgalalar üçin örän oňaýly bolar öýdýärin.
0 ses
Awtor: (Talyp) | 07.04.2026 13:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2092)
Şäherimiz günsaýyn gözelleşýär, ýöne täze gurulýan ýaşaýyş jaýlarynyň bahalary hem elýeterli bolsa gowy bolardy. Köşüde gurlup oturan täze binalar gaty owadan görünýdan çykar diýip umyt edýärin.
0 ses
Awtor: (Talyp) | 11.04.2026 12:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2417)
Şäherimiz günsaýyn gözelleşýär, gurluşyklar gaty çalt gidýär. Şol täze guruljak seýilgähler açylsa, maşgala bilen gezelenje çykmak örän gowy bolar.
0 ses
Awtor: (Talyp) | 17.04.2026 05:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2778)
Täze gurluşyklar şäherimiziň gözelligine gözellik goşýar, emma şol ýaşaýyş jaýlarynyň nyrhlary hem halka elýeterli bolsa gowy bolardy. Köşüde gurulýan täze binalaryň taslamalary gyzykly görünýär.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 23.04.2026 05:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#3242)
Täze binalar bilen Aşgabat hasam gözelleşýär, ýöne şol täze seýilgähleriň we ýollaryň gurluşygy haçan tamamlanarka diýip gyzyklanýaryn. Şäheriň ösýändigini görmek gowy zat, diňe howa gurşawyna hem üns berilse gowy bolardy.
+1 ses
Awtor: (Magistr) | 23.04.2026 21:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#3287)
Aşgabat barha gözelleşýär, emma gurluşyklar köpelýänçä, şäher içindäki dyknyşyklar barada hem pikirlenseler gowy bolardy. Täze seýilgähleriň gurulmagy bolsa örän oňat iş, tomusda gezim etmäge ýer bolar.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 04.05.2026 17:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#4076)
Gyzgyn, paytagtymyz gun-gunden owadanlashyar, emma yene-de kop kuceleri abadanlashdyrmaly. Owadandepedaki zawodyn gurlushygy hem gaty wajyp, umytly waka, has tizrak ishlese gowy bolardy.
+1 ses
Awtor: (Magistr) | 11.05.2026 04:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#4619)
Aşgabat barha gözelleşýär, emma Parahat-7 töwereginde ýolagçy gatnawlaryny hem kämilleşdirseler gowy bolardy. Täze seýilgähleriň we çagalar baglarynyň gurulmagy bolsa örän gowy habar.

Bu Entryni Paýlaş !

  1. nazaroff (465 oçko)
  2. bet-turkmen (446 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...