Türkmenistan Ýokary Ligasy 2018 - Altyn Asyr 5 gezek çempiýon

+3 ses
371
user-avatar-image Awtor: (Magistr) | Kategoriýa: Sport | 26.11.2018 04:51 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#223)
17 Noýabr 2018 senesinde Türkmenistanyň Futbol boýunça milli çempionatynyň Ýokary ligasynda 26-njy möwsüm tamamlandy. Iň soňky tapgyra çenli dowam eden çempionlyk göreşi netijesinde Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň “Altyn asyr” futbol topary bassyr bäşinji gezek ýurdumyzyň çempiony bolmagy başardy. Munuň özi Türkmenistanyň futbol çempionatynyň rekordydyr. Mundan ozal diňe “Köpetdag” futbol topary 1992 -1995-nji ýyllar aralygynda bassyr dört gezek çempion bolup bilipdi. “Altyn asyr” bolsa bu rekordy indi bäş çempionlyga çykardy. Şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň tälim berýän topary gazanan çempionlygynyň sany boýunça milli futbol taryhymyzda ikinji orna geçdi. Birinji orunda jemi alty gezek çempion bolan “Köpetdag” bar.

Geçen möwsümlerde bolşy ýaly, “Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” ýylynda hem milli birinjlikde çempionlyk ugrundaky göreş juda ýiti boldy. “Türkmennebitönümleri” baş müdirliginiň “Ahal” futbol topary jemi dört aýlawdan ybarat möwsümiň üç aýlawynda ýaryşyň birinji ornuny hiç bir garşydaşyna bermän gelen hem bolsa, halkara ýaryşlarda tejribesini has artdyran “Altyn asyryň” futbolçylary soňky tapgyrlarda ýaryş tertibiniň başyna geçmegi başardylar. “Aragatnaşykçylar” 28 tapgyrda 66 utuk toplap, ikinji orundaky “Ahaldan” 6 utuk öňe saýlandylar.

Çempiony kesgitlemekde ýaryşyň jemleýji - 28-nji tapgyrynyň ähmiýeti uly boldy. Çünki şol tapgyrda “Altyn asyr” “Merwden” ýeňlip, “Ahal” “Energetikden” üstün çykyp bilen bolsa, “Türkmennebitönümleri” baş müdirliginiň topary taryhyndaky ilkinji çempionlygyna gowuşmaga mümkinçilik alardy. Ýöne “Altyn asyr” çempionlyga galan ýekeje ädimi juda ynamly ätdi we bäşinji gezek arzyly sepgide ýetdi. Has takygy, ähli duşuşyklary şu gün geçirilen 28-nji tapgyrda “Altyn asyr” “Merwden” 2:1 hasabynda üstün çykyp, çempionlyk ýeňşini gazandy. Çempion toparyň pökgülerini 67-nji minutda Wahyt Orazsähedow, şondan 5 minut soňra bolsa Begmyrat Baýow geçirdi. Şeýle-de bolsa “Merwiň” futbolçylary şol 5 minudyň aralygyna bir pökgi sygdyryp, birbada hasaby deňlediler. 69-njy minutda Döwlet Döwletmyradowyň geçiren pökgüsi “Merwiň” şu möwsümdäki iň soňky pökgüsi boldy.

“Ahal” bolsa iki gezek öňe saýlanmagyna garamazdan, Mary welaýatyna wekilçilik edýän beýleki bir topardan - “Energetikden” ýeňildi. 2:3 hasabynda myhman toparyň peýdasyna tamamlanan duşuşykda “Ahalyň” pökgülerini Didar Durdyýew (11-nji minutda) bilen Begenç Akmämmedow (48-nji minutda) geçiren bolsa, “Energetikden” Begenç Guldurdyýew (47-nji minutda), Bagtyýar Hojaahmedow (58-nji minutda, 11 metrlik jerime urgusyndan) we Alibek Abdyrahmanow (75-nji minutda) dagylar geçirdi. Bu duşuşygyň netijesi “Ahalyň” ýaryşy kümüş medal bilen tamamlamagyna sebäp bolan bolsa, “Energetigi” bir ýyl aralykdan soňra ýene-de bürünç medala ýetirdi. 2016-njy ýylyň futbol möwsüminde hem çempionaty bürünç medal bilen tamamlan Mary DES-niň hemaýatkärligindäki topar Ýokary ligada soňky dört möwsüm bäri çykyş edýär. Dört ýylda iki bürünç medal islendik topar üçin ýokary netijedir. Üstesine, “Energetik” Türkmenistanyň kubogy ugrundaky ýaryşda hem finala çykdy. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň “Köpetdag” futbol topary bilen geçiriljek şol final duşuşygy öňümizdäki 21-nji noýabrda bolar.

Möwsümiň üç aýlawynda ýaryş tertibiniň üçünji ornunda ýerleşip, soňky tapgyrlarda “Energetikden” yza galan geçen möwsümiň bürünç medalynyň eýesi - Türkmenbaşy şäheriniň “Şagadam” futbol topary jemleýji tapgyrda “Aşgabat” futbol toparyny tejribe hüjümçi Hemra Amanmämmedowyň geçiren pökgüleriniň ikisi bilen ýeňen hem bolsa, bu ýyl dördünjilige kanagat etmeli boldy. Öz meýdanynda Balkanabadyň “Nebitçisinden” 2:1 hasabynda üstün çykan “Köpetdag” hem üç günden geçiriljek finalyň bosagasynda ynamly oýny orta goýdy, hem-de çempionatyň agramly bölegini ýedinji orunda geçirendigine garamazdan, iň soňky tapgyrda altynjy basgançaga çykmaga mümkinçilik gazandy.

Şeýlelikde, ýaryş tertibiniň ilkinji üç ornuna degişlilikde “Altyn asyr”, “Ahal” hem-de “Energetik” mynasyp bolan bolsa, çempionaty “Şagadam” dördünji, “Merw” bäşinji, “Köpetdag” altynjy orunda tamamlady. Soňky iki orny bolsa “Aşgabat” hem-de “Nebitçi” toparlary eýelediler.

Ýokary liganyň çempionlygy “Altyn asyra” AFK-nyň kubogy - 2019 halkara ýaryşyna toparçalaýyn tapgyrdan başlamaga hukuk berýär. Diýmek, şu ýyl yklym ýaryşynyň finalyna çenli ýeňlişsiz baran “aragatnaşykçylara” öňümizdäki ýylda ýene halkara synag garaşýar. “Altyn asyryň” futbolçysy Altymyrat Annadurdyýew 19 pökgi bilen möwsümde iň kän tapawutlanan futbolçy boldy.

ÇEŞME: Turkmen Portal

24 Teswir

+1 ses
Awtor: (Magistr) | 03.05.2026 03:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#3929)
Gyzgyn, Altyn Asyryň bu rekordyna hakykatdan hem guwanmaly, Ýazguly tälimçiniň zähmeti uly. Geljekki AFK kubogynda hem bizi begendirip, üstünlikli çykyş ederler diýip umyt edýärin.
+3 ses
Awtor: (Magistr) | 08.05.2026 14:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#4389)
Gyzgyn, bu habaryňy okap begendim, Altyn Asyr hakykatdanam çempionatda täze rekord goýdy. Geljek ýylky AFK kubogynda hem toparymyza üstünlik arzuw edýärin, ýene şeýle şowly çykyş ederler öýdýärin.
+1 ses
Awtor: (Magistr) | 10.05.2026 17:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#4573)
Gyzgyn, maglumatyň üçin sag bol, hakykatdanam Altyn Asyr bu möwsüm örän güýçli oýnady. Geljek ýylky AFK kubogynda hem bizi begendirerler diýip umyt edýärin.
+1 ses
Awtor: (Magistr) | 12.05.2026 10:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#4735)
Gyzgyn, Altyn Asyr hakykatdan hem täsirli oýun görkezdi, ýöne geljekki ýyl Ahal hem çempionlyk üçin ýene gaty göreşer öýdýärin. Sizce indiki möwsümde başga toparlar çempionlyga dalaş edip bilermi?
0 ses
Awtor: (Magistr) | 21.05.2026 06:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#5496)
Altyn Asyryň çempionlygy indi garaşylýan zat boldy, ýöne Ahal bu ýyl gaty gowy garşylyk görkezdi. Geljek ýyl halkara ýaryşlarda hem şeýle üstünlik garaşýarys.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 31.05.2026 14:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#6241)
Altyn Asyryň çempionlygy ýene-de ynamly boldy, ýöne Ahal hem bu ýyl gaty gowy oýnady. Geljek ýyl halkara ýaryşlarda bizi şeýle şatlandyrmagyny dowam etdirer diýip umyt edýärin.
+1 ses
Awtor: (Magistr) | 16.06.2026 23:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#7792)
Altyn Asyryň bu rekordy dogrudanam täsin, ýöne indiki möwsümde bäsleşigiň has gyzykly bolmagyna garaşýaryn. Ahal toparyna bolsa bu ýyl hem ýene bir ädim ýetmedi, hakyt gynançly boldy.
+1 ses
Awtor: (Magistr) | 18.06.2026 08:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#7923)
Altyn Asyryň rekord goýandygy örän guwandyryjy, ýöne Ahal hem bu ýyl gaty gowy oýnadylar. Ýazguly tälimçiniň toparyna AFK kubogynda hem üstünlik arzuw edýärin.
+1 ses
Awtor: (Magistr) | 24.06.2026 21:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#8543)
Gyzgyn, Altyn Asyr hakykatdan hem gaty güýçli oýun görkezdi, ýöne Ahalyň bu ýylky netijesine hem içim awady. Geljek möwsümde olar has hem güýçlenip çykyş ederler öýdýärin, siz näme diýýärsiňiz?
0 ses
Awtor: (Magistr) | 28.06.2026 19:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#8918)
Altyn Asyryň çempionlygy ýene bir gezek subut etdi welin, olar häzirki wagtda biziň futbolymyzyň hakyky liderleri. Energetigiň hem üçünji orna çykyp, kubok finalyna geçmegi çynlakaý ösüş boldy, täsin çempionat boldy.

Bu Entryni Paýlaş !

Kategoriýalar

  1. nazaroff (376 oçko)
  2. merdan96 (337 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...