Aziýa Futbol Kubogy 2019: Türkmenistan 2 - Ýaponiýa 3

+4 ses
300
Awtor: (Doktor) | Kategoriýa: Sport | 10.01.2019 08:40 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#299)
9-njy Ýanwar 2019-de Abu-Dabi şäherindäki «Al-Nahýan» stadionynda Aziýa Futbol Kubogy ― 2019-yň «F» toparçasynyň çägindäki Türkmenistan ― Ýaponiýa duşuşygy bolup geçdi. Duşuşygynyň birinji ýarymy 1-0 Türkmenistanyň üstünligi bilen tamamlandy.Türkmen futbolçylary Aziýanyň iň güýçli ýygyndylarynyň biri bilen taryhynda ilkinji gezek geçirýän duşuşygynda pökgini 26-njy minutda milli ýygyndymyzyň kapitany Arslanmyrat Amanow 30-35 meter uzaklygdan berk urgy bilen hasaby açmagy başardy. Ýaponiýanyň ýygyndysy bilen taryhda ilkinji gezek geçirýän duşuşygymyzda hasaby milli ýygyndymyzyň kapitany Arslanmyrat Amanow açdy. Ýarym goragçy Ruslan Mingazowyň özüne geçiren pökgüsini owadan urgy bilen derwezä dürs geçiren kapitan, şeýlelikde, AFK 2019-daky ilkinji golumyzyň hem awtory boldy.

Emma duşuşygyň ikinji ýarymynda terjibeli Ýaponiýa ýygyndysy duşuşygyň 56-njy minudynda Genki Haraguçinin asisti bilen Ýuýa Osako hasaby 1-1'e deňledi. Diňeje dört minut soňra duşuşygyň 60-njy minudynda Yuto Nagatomonyň asisti bilen Ýuýa Osako ýene bir gezek saýlanyp Ýaponiýany 2-1 öňe çykardy. Duşuşygyň 71-nji minudynda bolsa Takumi Minaminonyň asisti bilen Ritsu Doan Ýaponiýa adyna hasaby 3-1 getirdi. Şeýdip, Ýaponiýa 15 minutda 3 pökgi geçirmegi başardy. Duşuşygynyň 78-njy minutda Altymyrat Annadurdyyew Ýaponiýa derwezewany bilen ýekeme-ýeke galdy we derwezewanyň fauly etmegi bilen duşuşygyň emini 11 meterlik jerime urgusyna karar berdi. Jerime urgusyny dürüst ýerine getiren Ahmet Ataýew hasaby 2-3'e getirdi. Duşuşygynyň galan möhletinde hiç gol sesi çykmansoň Türkmenistan AFK 2019-daky birinji duşuşygy Ýaponiýa garşysynda 2-3 hasap bilen ýeňildi.

Duşuşyň Gol we Esasy Pursatlarynyň Wideosy: http://www.the-afc.com/asiancup/matches/2018/983231

17 Teswir

0 ses
Awtor: (Magistr) | 15.05.2026 14:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#4971)
Arslanmyrat Amanowyň şol goly entegem ýadyma düşýär, nähili owadan urgudy! Ýaponlara garşy şeýle oýun görkezenimiz üçin buýsanmaly, gaty gowy oýnadylar.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 19.05.2026 22:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#5369)
nazaroff, şol oýunda Arslanmyrat Amanowyň goly gerçekten ajaýypdy, telewizoryň öňünde näme bolanyny bilmän galdyk. Ýöne ikinji ýarymda ýaponlar derrew özlerini tanatdylar, gynançly boldy welin, ýigitlerimize bu oýun üçin minnetdar.
+1 ses
Awtor: (Magistr) | 24.05.2026 18:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#5827)
Arslanmyradyň goly hakykatdan hem ajaýypdy, telewizoryň öňünde çyn ýürekden buýsanyp oturdyk. Ýaponlar güýçli bolsa-da, ýigitlerimiziň şeýle oýun görkezendigine begendim, indiki oýunlarda üstünlik arzuw edýärin.
+3 ses
Awtor: (Magistr) | 23.06.2026 01:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#8372)
Arslanmyrat Amanowyň şol goly hakykatdan-da ajaýypdy, telewizoryň öňünde oturyp örän begenipdik. Ýaponlar bilen deň derejede oýnadyk, ikinji ýarymdaky säwlikler bolmadyk bolsa has gowy bolardy.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 17.07.2026 04:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#10662)
Arslanmyradyň şol uran goly entegem ýadyma düşýär, nähili owadan gol bolupdy! Ýaponlar bilen şeýle oýnap bilendiklerine begenipdim, emma ikinji ýarymda biraz ruhdan düşen ýaly boldular.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 26.07.2026 07:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#11536)
Arslanmyrat Amanowyň şol goly entegem ýadyma düşýär, gaty owadan urgy boldy. Şol gün Ýaponiýa bilen gowy oýnadyk, ýöne tejribe köp zat diýmekdir-dä.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 11.08.2026 16:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#13093)
Arslanmyradyň şol uran goly hemişe ýadymda galar, hakyt ajaýypdy! Ýaponiýa bilen deň oýnap biljekdigimizi görkezendik, ýöne ikinji ýarymda biraz howsala düşdük öýdýän.

Bu Entryni Paýlaş !

Kategoriýalar

  1. nazaroff (483 oçko)
  2. bet-turkmen (419 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...