Türkmenistan ýokary bilimli uçurymlary işe ýollaýar

+2 ses
321
user-avatar-image Awtor: (Magistr) | Kategoriýa: Ylym Bilim | 23.01.2019 10:53 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#314)
Sanly wideoaragatnaşyk arkaly 23-nji ýanwarda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer Pürli Agamyradow döwlet Baştutanyna orta we ýokary hünär bilim edaralarynyň uçurymlaryny işe ýollamak baradaky Düzgünnamany taýýarlamak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi. Şol bir wagtda göni wideoaragatnaşyga bilim ministri Mämmetmyrat Geldinyýazow hem çagyryldy.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeler netijesinde hususy pudak öz ösüşine eýe bolup, ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz böleginde kiçi we orta kärhanalaryň sany artýar, jemi içerki önümde hem onuň paýy ýokarlanýar. Degişlilikde, hususy kärhanalarda orta we ýokary hünär bilimli hünärmenlere bolan zerurlyk hem artýar.

Şeýle hem ýurdumyzda bilim ulgamynyň kadalaşdyryjy-hukuk binýady kämilleşdirilýär, ýokary we orta hünärment okuw mekdepleriniň sany ýylsaýyn artýar. Şunuň bilen baglylykda, şolaryň uçurymlaryny işe ýollamak hakynda Düzgünnama üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek zerurlygy ýüze çykdy. Bu ugurda daşary ýurtlaryň tejribesi öwrenildi. Hususan-da, orta hünär we ýokary hünär bilimini alan uçurymlar eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, edaralara, kärhanalara, guramalara iki ýyllyk işe ýollanylýar. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklaryny, şol sanda onuň döwlete dahylsyz bölegini işgärler bilen üpjün etmegiň wezipelerini çözmäge toplumlaýyn çemeleşmegiň möhümdigini belläp, wise-premýere hem-de bilim ministrine geljegi nazara almak bilen, zähmet bazarynyň talaplary bilen baglylykda, uçurymlary işe ýollamak hakynda taýýarlanylan Düzgünnamanyň ähli bölümlerini ýene-de bir gezek seljermegi tabşyrdy.

ÇEŞME: Türkmen Portal

16 Teswir

+2 ses
Awtor: (Magistr) | 23.05.2026 00:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#5663)
Bu gowy täzelik, ýöne okuwy gutaran ýaşlara hakykatdanam öz isleýän kärleri boýunça ýer tapyp bererler öýdýärsiňizmi? Köp ýerde iş tejribesi diýip, ýaşlary kynçylyga goýýarlar ahyry.
+2 ses
Awtor: (Magistr) | 23.05.2026 17:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#5731)
Okuwy gutaran ýaşlara gowy mümkinçilik bolar diýip umyt edýärin, ýöne iş orunlarynyň hakykatdaky ýerleşişi nähili bolarka? Iki ýyl hökmany işlemek şerti bolsa, tejribe toplamaga gowy bolar öýdýärin.
+1 ses
Awtor: (Magistr) | 03.06.2026 19:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#6545)
Okuwy gutaran ýaşlara iş tapmakda kömek bolýanlygy gowy zat, ýöne okaýan hünärleriň hakyky zähmet bazaryna gabat gelmegi has möhümdir. Görüp otursak, iki ýyl hökmany işlemek tejribe toplamaga hem mümkinçilik berer öýdýärin.
+2 ses
Awtor: (Magistr) | 08.06.2026 19:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#7012)
Gyzgyn, bu gaty gowy habar, ýöne uçurymlar öz isleglerine görä iş tapyp bilseler has gowy bolardy. Iki ýyllyk mejbury işe ýollama ýaşlara nähili täsir ederka?
0 ses
Awtor: (Magistr) | 10.06.2026 22:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#7215)
Gyzgyn, bu gaty gowy habar, ýöne uçurymlara saýlap işlemek mümkinçiligi berilse has gowy bolardy. Göräýeli, bu düzgünnama durmuşa geçirilende nähili bolar.
+3 ses
Awtor: (Doktor) | 12.06.2026 21:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#7403)
Gyzgyn, bu gaty gowy habar, ýöne uçurymlara saýlap işlemek mümkinçiligi berilse has gowy bolardy. Göräýeli, bu düzgünnama durmuşa geçirilende iş orunlary nähili paýlanar, ýaşlara kömek bolar diýip umyt edýärin.

Bu Entryni Paýlaş !

Kategoriýalar

  1. nazaroff (468 oçko)
  2. merdan96 (411 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...