FIFA-nyň reýtingi täzelendi: Türkmenistan 136-njy orunda

+1 ses
245
user-avatar-image Awtor: (Magistr) | Kategoriýa: Sport | 07.02.2019 05:01 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#319)
Şu gün 7-nji fewralda FIFA-nyň milli ýygyndylar boýunça reýtingi täzelendi. Ýanwar aýynda Aziýanyň kubogyna gatnaşyp, üç duşuşykda hem ýeňlen Türkmenistanyň milli ýygyndysy 9 basgançak aşak gaçyp, 136-njy orna geldi.
Taryhynda ilkinji gezek Aziýanyň kubogyna mynasyp bolan Kataryň ýygyndysy 38 basgançak ýokary galdy we 55-nji orunda ýerleşdi. Ýaryşyň finalçysy Ýaponiýa bolsa geçen sanawdan 23 basgançak ýokary galyp, 27-nji orna geldi. Ozalky sanawlarda bolşy ýaly, ýene-de Eýranyň milli ýygyndysy Aziýa wekilçilik edýän ýygyndylaryň arasynda birinji orundadyr. Ýakynda baş tälimçi, portugaliýaly hünärmen Karluş Keýruşy wezipesinden boşadan goňşularymyz FIFA-nyň reýtinginde 22-nji orunda. Olar geçen sanawa görä, 7 basgançak ýokary çykdylar. Täze sanawda iň uly tapawut bilen aşak düşen ýygyndy hem Aziýa yklymyna degişli. Ozalky sanawa görä, 12 basgançak aşak düşen Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň milli ýygyndysy Aziýa kubogyndan soňky şowsuz çykyşdan soň 121-nji orunda.
Sanawda öňdäki 20 orun ozalkysy ýaly galýar. Ilkinji 10-lugy bolsa Belgiýanyň, Fransiýanyň, Braziliýanyň, Horwatiýanyň, Angliýanyň, Portugaliýanyň, Urugwaýyň, Şweýsariýanyň, Ispaniýanyň we Daniýanyň ýygyndylary eýeleýär.

Fifa reyting tablisasy: https://www.fifa.com/fifa-world-ranking/ranking-table/men/

Çeşme: Türkmen Portal

15 Teswir

+1 ses
Awtor: (Magistr) | 31.05.2026 10:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#6227)
Yagday gaty gynandyryjy, yaryshlarda oýunymyzy biraz gowulandyrmasak bolanok. Indiki duşuşyklarda ýigitlerimize üstünlik arzuw edýärin.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 31.05.2026 12:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#6236)
gyzgyn, bu görkez, dogrusy netijelere seredip göwnüm gaty galdy, bizden has öňe gitmeli komandalar köp. Geljekde ýygyndymyzyň oýny gowulaşar öýdýärsiňizmi?
0 ses
Awtor: (Magistr) | 26.06.2026 10:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#8691)
Netije juda gynançly boldy, geljekde has gowy oýun görkezerler diýip umyt edýärin. Sizçe tälimçini üýtgetmek gerekmi ýa-da toparyň düzümi bilen işlemeli?
0 ses
Awtor: (Magistr) | 28.06.2026 21:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#8926)
Netijeler gynandyrjy, bizden has gowy oýnap biljek ýigitler bar diýip pikir edýärin. Geljekki oýunlarda üstünlik arzuw edýäris, ýöne häzirki ýagdaýa çynlakaý seretmeli.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 26.07.2026 11:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#11553)
Netije hakykatdanam gynandyryjy boldy, ozümizden kän garaşýardyk. Geljekki oýunlarda ýigitlerimize üstünlik arzuw edýärin, ýagdaýy düzederler diýip umyt edýärin.

Bu Entryni Paýlaş !

  1. nazaroff (564 oçko)
  2. merdan96 (485 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...