Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplarynyň halkara rus dili olimpiadasynda üstünlik gazanandyklary baradaky habary okap, örän begendim. Ýaşlarymyzyň daşary ýurt dillerini şeýle derejede özleşdirip, ýurdumyzyň abraýyny belende götermegi hakykatdan hem buýsançly ýagdaý. Men hem talypkakam şeýle bäsleşiklere gatnaşypdym, şol pursatlardaky tolgunmalary henizem ýadyma düşýär. Siz näme pikir edýärsiňiz, häzirki döwürde daşary ýurt dillerini öwrenmek ýaşlar üçin näderejede möhüm diýip hasaplaýarsyňyz?