Dollaryň “gara bazar” kursy resmi kursdan eýýäm üç esseden gowrak gymmatlady

+4 ses
455
Awtor: (Doktor) | Kategoriýa: Habarlar | 15.01.2018 03:23 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#113)
Aşgabatda ABŞ-nyň dollarynyň “gara bazar” kursy 11,0-11,3 manada çenli ýokarlandy.

Amerikan walýutasy soňky gezek 2017-nji ýylyň dekabrynda rekord derejede gymmatlady, şonda “gara bazarda” 1 ABŞ dollaryny 10,4 manada satyn alyp bolýardy. Dollaryň resmi kursy ozalkylary ýaly, $1 – 3,5 manat bolmagynda galýar.

Şunuň bilen baglylykda, “Türkmenistanyň Hronikasynyň” redaksiýasyna daşary ýurtlarda dowam edýän pul nagtlaşdyrmak kynçylyklary barada maglumatlar gelip gowuşýar. Belki-de şu faktyň özi hem dollaryň kursunyň ýokarlanmagyna sebäp bolandyr.

Gelýän maglumatlardan (hat awtoryň ýazyşy ýaly getirilýär):

“Täze ýyldan studentlere $1000 iberip boljagyny wada berdiler, emma fakt boýunça hiç zat we biz öz kartymyzdaky pullary hem kynlyk bilen çekýäris”.

“Näme üçin biz öz gazanan pullarymyzy çekip bilmeýäris, hökümet bolsa bu barada dymýar? Siz we siziň guramaňyz hökümet bilen bu barada hiç hili gürleşip bilmeýärmi? Olar näme üçin halky beýle köseýärler?”

“Tapgyr birnäçe gün bäri pul çekip bolmaýar, ýogsa bankda günde 50 dollardan çekip bolýar diýýärler. Eger puluňy bir gün alyp bolsa, indiki gezek diňe birnäçe günden alyp bolýar, galan wagtlar baglanýar. nagt däl pul meselesinde hem şol bir problema”.

“Iki hepdede 150$ nagt pul çekdim. Bankomatyň başynda her gün durdyk, emma şondan soň bolmady. 3 gezek $50-den pul çekdik. Magazinde diňe bir gezek 80 dollarlyk hasaplaşyk geçirip bildik”.

“Meniň pul geçirmek meseläm örän ýiti dur. Näme üçin men garyndaş däl adamlara pul geçirip bilmeýärin? Näme üçin şol bir meňzeş familiýa bolmaly? Mesele şunda, meniň enem keselledi, men onuň bejergisi üçin pul geçirip bilmeýärin (ol häzir reanimasiýada). Men onuň jorasyna pul geçirjek bolýaryn, emma enemiň jorasy maňa banka barandygyny, emma özüne hiç hili pul alyp bilmejegini aýdandyklaryny gürrüň berdi. Bu nähili eden-etdilik? Ahyrynda men aeroporta gidip, Aşgabada gidýän adamlardan eneme pul eltmeklerini soramaga mejbur boldum”.

ÇEŞME: TÜRTKMENİSTANYN HRONİKASY

17 Teswir

+1 ses
Awtor: (Magistr) | 21.05.2026 18:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#5544)
Ýagdaý barha kynlaşýar, bankomatlaryň başynda nobata durmakdan ýadadyk. Adamlara öz gazanan puluny almaga hem şunça kynçylyk döretmek näme bolarka?
0 ses
Awtor: (Magistr) | 23.05.2026 01:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#5665)
Ýagdaý gün saýyn kynlaşýar, hatda derman üçin pul geçirmek hem uly problema öwrüldi. Şeýle kynçylyk bilen ýaşaýarkak, nähili çäre görmeli, öňe gidişlik barmyka?
+3 ses
Awtor: (Magistr) | 23.05.2026 02:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#5669)
Ýagdaý gün saýyn kynlaşýar, hatda derman almak üçin hem pul tapyp bilmeýäris. Näme üçin halkyň gün-güzeranyny şeýle kynlaşdyrýarlar, hiç düşünerli däl.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 02.06.2026 11:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#6420)
Yagday barha kynlaşýar, okuwçylaryň we näsag adamlaryň ýagdaýyny eşidip ýüregim agyryar. Bu mesele haçan çözülerkä, adamlar öz pullaryny çekmek üçin näçe wagtlap bankomatlarda nobatda durmaly?
0 ses
Awtor: (Magistr) | 05.06.2026 14:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#6712)
nazaroff dogry aýdýarsyň, ýagdaý barha kynlaşýar. Daşary ýurtda okap ýören talyplar üçin bolsa bu hakyky tragedi düýpden betbagtçylyk, näme üçin hiç kim sesini çykaranok?
0 ses
Awtor: (Magistr) | 23.07.2026 13:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#11274)
Bu ýagdaýa hakykatdan hem ýüregim agyryar, adamlaryň haly indi neneňsi bolar? Daşary ýurtda okap ýören talyplara we kesel adamlara örän kyn düşýär, näme üçin hemişe halk ejir çekmeli?
+1 ses
Awtor: (Magistr) | 26.07.2026 12:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#11558)
nazaroff dogry aydyanyn, yagday gaty kynlashdy. Menem gecen hepde banka bardym, emma hic zat cykarmady, indi dine nagt pul bilen yashap oturmaly boldyk.

Bu Entryni Paýlaş !

Kategoriýalar

  1. nazaroff (359 oçko)
  2. merdan96 (305 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...