Az owal The Economist žurnalynyň Ilon Maskyň hereketleriniň Ýeri heläkçilige eltip biljekdigi baradaky makalasyny okadym we içim gyljady. Bir tarapdan tehnologiýany öňe sürýän adam diýsek, beýleki tarapdan bolsa onuň çäksiz güýji dünýä üçin howply görünip başlady. Hakykatdanam, bir adamyň elinde şeýle ägirt uly tehnologik mümkinçilikleriň bolmagy gorkunç dälmi sizçe? Siziň pikiriňizçe, Mask geljegimiz üçin hakyky howpmy ýa-da diňe gara pikirli adamlaryň gürrüňleri?