Türkmenistanda žurnalistika instituty döredilýär

+4 ses
276
Awtor: (Doktor) | Kategoriýa: Habarlar | 27.01.2018 18:52 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#119)
Ýurtda bolup geçýän oňyn özgerişleri beýan etmek üçin Türkmenistanda žurnalistika instituty dörediler, bu sözleri prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 26-njy ýanwarda geçiren hökümet maslahatynda aýtdy.
“Türkmenistanda köpsanly dürli köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hereket edýär. Olar eýeçiliginiň görnüşi, alyp barýan iş ugry, maglumatlary bermegiň usuly boýunça bir-birinden tapawutlanýar. Elbetde, olaryň ählisi üçin hem ýokary derejeli hünärmenler zerur bolup durýar. Emma, gynansak-da, häzire çenli ýurdumyzda bu giň gerimli wezipeleri ýokary derejede merkezleşdirip çözýän, degişli binýady bolan ýokary okuw mekdebi ýok. Şoňa görä-de, belki, žurnalistika we köpçülikleýin kommunikasiýalar institutyny döretsek, maksadalaýyk bolar” – diýip, TDH döwlet habar gullugy prezidentiň sözlerini sitirleýär.
Bu mesele bilen medeniýet we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri boýunça täze bellenen wise-premýer Bahargül Abdyýewa meşgullanar. Ol ozal Ministrler kabinetiniň medeniýet bölüminiň müdiri bolup işledi.
Belleýäris, Türkmenistanda gazet-žurnallaryň aglabasy, şeýle-de tele-radio kanallary döwlete degişli. Şol bir wagtda Gurbanguly Berdimuhamedow telegepleşikleriň hilinden köplenç nägile bolýar, “mediada ýurtda gazanylýan üstünlikleriň we sepgitleriň ýeterlik beýan edilmezligine” gaharlanýar. Prezident 9-njy dekabrda geçiren hökümet maslahatynda bu ugurda degişli gepleşikleri taýýarlamagy tabşyrdy.
2018-nji ýylyň ýanwarynda Türkmenistanda “Tele-radio gepleşikleri hakynda kanun” kabul edildi we ol kanun ýurtda gazanylan üstünlikleriň beýan edilişine ýardam bermeli.

ÇEŞME: Türkmenistanyň Hronikasy

16 Teswir

+1 ses
Awtor: (Magistr) | 14.06.2026 03:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#7522)
nazaroff, dogry aýdýarsyň, hakykatdanam hünärli žurnalistlere ýurdumyzda uly zerurlyk bar. Görüp otursak, okuwyň hiline hem-de täze tehnologiýalary özleşdirmegine aýratyn üns bererler öýdýärin.
+1 ses
Awtor: (Magistr) | 16.06.2026 15:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#7761)
Okanym gaty gowy boldy, hünärli ýaşlaryň köpelmegi hemişe begendirýär. Görüp otursak, indi žurnalistika ugry hem has öňküden has kämilleşer öýdýärin.
+1 ses
Awtor: (Magistr) | 24.06.2026 03:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#8474)
Okuw instituty gowy zat welin, esasy mesele žurnalistleriň erkin işläp bilmeginde bolmasa ýene öňküsi ýaly bolar öýdýän. Göräris-dä, nähili netije berer.
+1 ses
Awtor: (Magistr) | 11.08.2026 11:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#13074)
Gowy zat oýlap tapypdyrlar, belki indi telewizordaky gepleşikleriň hili biraz gowulaşar. Ýöne esasy zat diňe okuw däl-de, žurnalistlere erkin döredijilik üçin mümkinçilik bermek gerek öýdýän.
+1 ses
Awtor: (Magistr) | 14.08.2026 06:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#13336)
Nazaroff, hakykatdanam hünärli žurnalistler köp ýere gerek, emma okuw hiline hem üns berse gowy bolardy. Göräýeli, bu täze institut nämäni üýtgederkä?
0 ses
Awtor: (Magistr) | 21.08.2026 15:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#14036)
Nazaroff, gowy habar eken, emma hünärmenleriň hili okuw jaýynyň adyndan däl-de, mugallymlaryň ussatlygyndan geçýär. Görüp otyrys, öňem köp zat üýtgedildi, indi žurnalistleriň işi hakykatdan-da öňküden gowulaşarmyka?

Bu Entryni Paýlaş !

Kategoriýalar

  1. nazaroff (483 oçko)
  2. merdan96 (420 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...