Türkmenistandaky ralli, weloýaryş we ylgaw bäsleşigi 26-njy fewralda başlanar

+7 ses
244
Awtor: (Doktor) | Kategoriýa: Habarlar | 26.01.2018 19:05 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#120)
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 12-nji ýanwarda “Amul-Hazar 2018” atly halkara awtoralli, welosiped we ylgaw ýaryşlaryny geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmek baradaky karara gol çekdi.
Karar esasynda Sport baradaky döwlet komitetine degişli ministrliklere, pudak edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri bilen bilelikde, “Amul-Hazar 2018” atly halkara awtoralli, welosiped we ylgaw ýaryşlaryny geçirmegiň tertibini bir aý möhletde işläp taýýarlamak we tassyklamak tabşyryldy diýip, TDH döwlet habar gullugy habar berýär.
26-njy fewralda Türkmenistanda birbada üç sany sport ýaryşy:  “Amul-Hazar 2018” halkara awtoralli, weloýaryş we ýeňil atletikaçylaryň bäsleşigi başlanar.
Ralli we ýeňil atletikaçylaryň ýaryşy 15-nji sentýabrda, Türkmenbaşy şäherinde tamam bolar diýip, TDH döwlet habar gullugy habar berýär.
Belleýäris, bu çärelere görülýän taýýarlyklar prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut öz gözegçiliginde saklanylýar, ol golaýda ýaryş geçirmegiň estafeta taýagynyň nusgalaryny hem tassyklady.

ÇEŞME: Türkmenistanyň Hronikasy

14 Teswir

0 ses
Awtor: (Magistr) | 08.07.2026 02:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#9792)
Şeýle uly ýaryşlaryň guralmagy gowy zat, ýöne ýollaryň ýagdaýy nähilikä? Ýaryşy görmek üçin Türkmenbaşa çenli gitmek hökmanmyka diýýän.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 13.07.2026 23:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#10353)
Wagt tapyp baryp görmeli çäre eken, şeýle iri ýaryşlaryň ýurdumyzda geçirilýändigi gowy zat. Görünşi ýaly gyzykly bolar, ýöne ýollar ýapylsa biraz kynçylyk döretmezmikä?
0 ses
Awtor: (Magistr) | 19.07.2026 03:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#10850)
Bu ýaryşlar ýurdumyz üçin uly ähmiýetli bolar diýip umyt edýärin. Görünmegine görä, guramaçylyk işleri juda gyzykly bolar öýdýän.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 20.07.2026 19:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#11009)
Nazaroff, gowy habar eken, şeýle iri ýaryşlaryň ýurdumyzda geçirilýändigi örän begendiriji. Görüp bilsek gowy bolardy, tomaşaçylar üçin giriş açykmyka?

Bu Entryni Paýlaş !

  1. nazaroff (568 oçko)
  2. merdan96 (489 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...