Türkmenistanda dollaryň kursy 22 manada ýetdi

+4 ses
191
Awtor: (Magistr) | Kategoriýa: Habarlar | 28.05.2018 04:57 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#134)
ABŞ-nyň pul politikalaryna prosentleri götermek bilen berk kemer urmagy bütin dünýäde dollaryň walýutasyny gymmatlatdy. Munuň netijesi Türkmenistandan has hem çuňdan duýuldy. Bilşiňiz ýaly Türkmenistanyň Merkez Banky dollar-manat walýutasyny döwlet kursy boýunça $1=3.5manat edip berkidipdi. Ýöne garabazarda dollaryň walýutasy her geçen gün güýçlenýär. Şu wagt Türkmenistanda dollaryň “gara bazardaky” nyrhy ýene rekord derejelere ýetip,  1 amerikan dollary Aşgabatda 22 manada, Daşoguzda 23 manada barabar boldy.
Bu göz hatarynda önüm we harytlarda inflasiýa hem döretdi. Mysal üçin, 1,5 litrlik çüýşdedäki “Berzeňňi” suwy geçen hepde 1 manatdan 3,5-4 manada çenli gymmatlady. Nahar duzynyň bir gaby mundan bir aý owal 2 manat bolan bolsa, häzir 26 manatdan satylýar. Etiň 1 kilogramy 18 manatdan 23-25 manat aralygynda göterildi. Tüwiniň 1 kilogramy bahasy bolsa 12 manatdan 15 manada çykdy.
Türkmenistanda ykdysady krizisin netijelerini azaltmak üçin çaltrak ykdysady reformlar güýje girizilmeli. Daşary ýurt inwestorlaryny ýurdumyza çekmek üçin gerekli politikalar ýola goýulmaly. Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maliýe we ykdysadyýet ministri Batyr Bazarowa berk käýinç berip, zähmet haklarynyň artdyrlmalydygyny ýatlatdy.

ÇEŞME: TM Hronika

13 Teswir

0 ses
Awtor: (Magistr) | 03.06.2026 01:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#6475)
Ýagdaý gün saýyn kynlaşýar, bazara giräýmeli däl bolup barýarys. Şeýle dowam etse, halkyň ýaşaýyş derejesi nähili bolarka?
0 ses
Awtor: (Magistr) | 06.06.2026 20:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#6824)
Wah josgun, bu bahalary eşidip ýakaňy tutýarsyň. Ýaşaýyş gitdigiçe kynlaşýar, göräýeli indi ykdysadyýet nämäni görkezer.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 10.06.2026 09:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#7160)
Dogry aýdýarsyň, josgun, bu bahalaryň ýokarlanmagy adamlaryň hal-ýagdaýyna örän erbet täsir edýär. Göräýmeli, bu ýagdaý haçana çenli dowam ederka?

Bu Entryni Paýlaş !

  1. nazaroff (255 oçko)
  2. merdan96 (221 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...