Dostlar, düýn Maryda geçirilen Ýaňlan, Diýarym telebäsleşiginiň welaýat tapgyryny gördüňizmi? Sahna çykan ýaşlaryň zehinine we seslerine özüm haýran galdym, biziň aramyzda hakykatdanam örän zehinli ýaşlar kän eken. Şeýle çäreler biziň medeniýetimiziň has-da baýlaşmagyna we täze ýyldyzlaryň ýüze çykmagyna uly itergi berýär. Şol gün konsertde bolan ýa-da göni ýaýlymdan görenler barmy? Siziň pikiriňizçe, iň täsirli çykyş kiminki boldy?