Real Madrid UEFA Çempionlar ligasynyň çempiony boldy

+4 ses
242
Awtor: (Magistr) | Kategoriýa: Sport | 28.05.2018 05:22 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#136)
UEFA Çempionlar ligasynda Britaniýanyň Liwerpul komandasyny 3-1 hasabynda ýeňen Ispaniýanyň Real Madrid komandasy kubogyny duşuşykdan soň geçirilen dabarada aldy.
Ukrainanyň paýtagty Kiýewdäki Olmpiýa stadionynda geçirilen duşuşykda Liwerpuldan üstün çykyp yzly-yzyna 3-nji gezek, jemi bolsa 13-nji geçek UEFA Çempionlar ligasynyň çempiony bolan Real Madridiň janköýerleri duşuşkdan soň uly şüweleň geçirdiler.
Duşuşykda geçiren 2 goly bilen komandasynyň çempion bolmagyna uly kömek eden Real Madridiň Uelsli futbolçysy Garet Beýl duşuşygyň iň gowy futbolçysy hökmünde saýlandy.
Kubok almak dabarasyndan soň Real Madridiň futbolçylary "We are the champions" aýdymyny janköýerleri bilen ýerine ýetirdiler.
Real Madridiň baş tälimçisi Zinedin Zidane bolsa futbol taryhyna adyny altyn harplar bilen ýazdyrdy. Ol yzly-yzyna 3 gezek uefa çempionlar ligasy kubagyny alan ýeke täk tälimçi boldy.

12 Teswir

0 ses
Awtor: (Magistr) | 05.08.2026 10:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#12496)
Zidanyn rekordy hakykatdan hem guwandyryjy, uly taryh ýazyldy. Menem Real Madridin janköýeri hökmünde bu ýeňşe örän begenýärin.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 11.08.2026 05:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#13049)
Beýliň uran goly hakykatdan hem ajaýypdy, şol pursatda gözüme ynanmadym. Zidane hakyky geniy, bu üstünlikden soň tälimçiniň täze taryh ýazmagy hemmämizi geň galdyrdy.

Bu Entryni Paýlaş !

Kategoriýalar

  1. nazaroff (474 oçko)
  2. bet-turkmen (413 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...