Dünýäde klimat üýtgemeleri barada köp eşidýärdik, emma Rimdäki Tibr derýasynyň gurap, Neronyň 2 müň ýyllyk köprüsiniň ýüze çykmagy meni gaty geň galdyrdy. Adamzat taryhy üçin gyzykly tapyndy bolsa-da, tebigatyň şeýle derejede gurap barýandygy hakykatdanam howsala salýar. Görýän zadyňyz taryhmy ýa-da bizi garaşýan gurak geljekmi, bilmedim. Siz bu täsin we bir tarapdan hem gorkuly ýagdaý barada näme pikir edýärsiňiz, şeýle taryhy ýadygärlikleriň gün ýüzüne çykmagy sizi hem haýran galdyrdymy?