Biznes meýilnamasyny nähili ýazmaly

+1 ses
746
Awtor: (Magistr) | Kategoriýa: Biznes | 04.06.2018 12:01 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#141)
Dogry düzülen biznes-meýilnama diňe bir maýagoýum almak mümkinçiligi däl, eýsem, siziň kärhanaňyzyň üstünlikli ösmeginiň hem kepilidir. Meýilnama düzülende beriljek esasy maslahatlaryň sany diňe ikidir. Taýyn biznes-meýilnamany internetden almak maslahat berilmeýär: ony ulanyň, ýöne hemmesini özüňiz ýazyň.
Sowatly ýazylan biznes-meýilnama üç sany wajyp wezipäni ýerine ýetirýär. Birinjiden, esasy maksady aýdyňlaşdyrýar. Ikinjiden, haçan-da pikirler kagyz ýüzüne geçirilende, taslamany amala aşyryp boljakdygyny öwrenip we pikirini edip bolýar. Üçünjiden, biznes-meýilnama professional maýagoýumçylaryň ünsüni özüne çekmeli, bilip goýuň, olaryň wagty diňe taslamalara ýüzleý seredip geçmäge ýetýändir.
Düşnükli biznes-meýilnama döretmek, köp kelle döwmeleri, wagty we puly talap edýär. Meýilnamalary şol ugurdan ýöriteleşdirilen kompaniýalara buýrup bolýar. Ýöne telekeçiler köplenç maslahat berijilerden, hatda meseläniň esasy soraglaryna hem doly jogap berip bilmeýän, 30-40 sahypaly resminamalar alýarlar, ýagny kärhana näme bilen meşgul, girdeji nireden alynýar we şuňa meňzeşler.
Maýagoýumçylara olar ýaly biznes-meýilnamalar ýaramasa gerek. Eger-de, ilkinji birnäçe setirler okalanyndan soň, biznes-meýilnamanyň esasy manysy düşnüksiz bolsa, munuň özi meýilnamanyň ýalňyş düzülendigini aňladýar. Diňe bir konsepsiýanyň birsydyrgynlygy ýeterlik däl. Birnäçe setirde şu taslamanyň öz ulgamynda haýsy bäsdeşlik artykmaçlygynyň barlygyny düşündirip bilmeli, sebäbi maýagoýumçy siziň nähili ýagdaýda üstünlik gazanmakçy bolýandygyňyzy bilmek zerur.
Netijeli biznes-meýilnamada, taslamanyň gymmaty nämede, adamlar näme üçin şu önüm ýa-da hyzmat üçin tölemek islärler, başlamak üçin näçe pul gerek boljak, ösüşiň mümkinçiligi nähili, töwekgelçilik näderejede we telekeçi hökmünde howplardan hötde gelmek üçin nämeler meýilleşdirilýär, onuň bäsdeşleri kimler, işdeşleri kimler, komandasynyň agzalary kimler barada hökman aýdylmalydyr. Onuň içine girdejileriň we çykdajylaryň ähli çeşmeleri jikme-jik girizilmelidir. Esasy mesele: amala aşyryljak iş nähili girdeji getirer? Ondan-da wajyby: kärhana haçan girdeji getirip başlar? Şonuň üçin biznes-meýilnamada soňky maliýe görkezijiler (eger-de kärhana işleýän bolsa) ýa-da çaklamalar barada bölüm bolmalydyr.
Serişdeleri çäkli, ýaňy başlaýan kompaniýalar üçin, her çärýek boýunça debitor we kreditor bergililik görkezilen, pul serişdeleriniň herekedi hakda hasabat möhüm rol oýnaýandyr.
Biznes-meýilnamaňyzy iň ýokary derejä ýetireniňizden soň, ony ulanman ýygnap goýmaň. Biznes-meýilnama – bu diňe işiň başydyr. Kärhananyň işini meýilleşdirmek, deňizde gämini sürmek bilen birdir: ugruňy elmydama üýtgedip durmalydyr. Meýilnamanyň bir özüniň ullakan bir gymmaty ýokdyr. Yzyňa dolanyp, oňa ýene-de bir gezek göz gezdirmek, näçe kyn hem bolsa, nirede ýalňyşlyk goýbereniňizi bilmek wajypdyr.

ÇEŞME: Türkmenistanyň Söwda senagat edarasy

17 Teswir

+2 ses
Awtor: (Magistr) | 01.05.2026 12:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#3798)
Gowy maslahat eken, hakykatdan hem köp adamlar taýyn şablona bil baglap ýalňyşýarlar. Özüň ýazan bolsaň, işiň her bir jikme-jigini has gowy bilýäň diýilýän pikir bilen ylalaşýaryn.
+1 ses
Awtor: (Magistr) | 08.05.2026 12:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#4382)
Gowy ýazylan makala eken, dogrudan hem özüňiň zähmet çekip ýazan meýilnamaň täsiri başgaça bolýar. Menem öň birnäçe gezek synanyşyp gördüm, esasy zat takyk maliýe hasabatynyň dogry bolmagy eken.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 11.06.2026 17:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#7291)
Gaty dogry belläpsiz, köpler internetden göçürip alan zady bilen maýadarlaryň ýanyna barýar. Özüňiň zähmet çekip ýazan meýilnamaň bolsa başgaça, hemme zadyň jikme-jigini bilýärsiň. Sizem häzir bir taslama başlan bolsanyňyz gürrüň beräýiň.
+1 ses
Awtor: (Magistr) | 13.06.2026 16:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#7478)
Gaty dogry aýdylan sözler, hakykatdan hem köp adamlar taýyn nusgany göçürip alýarlar-da, soňam işi ýöretmekde kynçylyk çekýärler. Özüm hem ilkinji taslamamy ýazakam şeýle ýalňyşlyklara köp duçar bolupdym, maslahatlaryňyz üçin sag boluň.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 17.06.2026 02:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#7804)
Dogry aýdylýar, men hem ilkinji biznes meýilnamamy ýazanymda başga ýerden göçürmäni ulananym üçin köp kynçylyk çekipdim. Özüň ýazanyňda hemme zada has içgin düşünýän ekeniň, şonuň üçin özüň işläp düzmek iň dogrusy.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 07.07.2026 05:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#9708)
Merdan96, gaty dogry belläpsiňiz, köplenç adamlar taýyn şablonlary göçürip alyp, öz işleriniň hakyky gymmatyny görkezip bilmeýärler. Özüm hem şeýle resminama düzýänimde iň kyny maliýe çaklamalaryny dogry hasaplamak bolupdy.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 19.07.2026 10:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#10876)
Gowy ýazgy bolupdyr, köp adamlar kömekçi kompaniýalara pul töläp ýalňyşýarlar. Özüň ýazsaň, işiň içini has gowy düşüner ýaly ekeniň, şonuň üçin özüň der döküp ýazanlaň gowy.

Bu Entryni Paýlaş !

Kategoriýalar

  1. nazaroff (572 oçko)
  2. merdan96 (496 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...