Biznes meýilnamasyny nähili ýazmaly

0 ses
213
Awtor: (Wasýok) | Kategoriýa: Biznes | 04.06.2018 12:01 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#141)
Dogry düzülen biznes-meýilnama diňe bir maýagoýum almak mümkinçiligi däl, eýsem, siziň kärhanaňyzyň üstünlikli ösmeginiň hem kepilidir. Meýilnama düzülende beriljek esasy maslahatlaryň sany diňe ikidir. Taýyn biznes-meýilnamany internetden almak maslahat berilmeýär: ony ulanyň, ýöne hemmesini özüňiz ýazyň.
Sowatly ýazylan biznes-meýilnama üç sany wajyp wezipäni ýerine ýetirýär. Birinjiden, esasy maksady aýdyňlaşdyrýar. Ikinjiden, haçan-da pikirler kagyz ýüzüne geçirilende, taslamany amala aşyryp boljakdygyny öwrenip we pikirini edip bolýar. Üçünjiden, biznes-meýilnama professional maýagoýumçylaryň ünsüni özüne çekmeli, bilip goýuň, olaryň wagty diňe taslamalara ýüzleý seredip geçmäge ýetýändir.
Düşnükli biznes-meýilnama döretmek, köp kelle döwmeleri, wagty we puly talap edýär. Meýilnamalary şol ugurdan ýöriteleşdirilen kompaniýalara buýrup bolýar. Ýöne telekeçiler köplenç maslahat berijilerden, hatda meseläniň esasy soraglaryna hem doly jogap berip bilmeýän, 30-40 sahypaly resminamalar alýarlar, ýagny kärhana näme bilen meşgul, girdeji nireden alynýar we şuňa meňzeşler.
Maýagoýumçylara olar ýaly biznes-meýilnamalar ýaramasa gerek. Eger-de, ilkinji birnäçe setirler okalanyndan soň, biznes-meýilnamanyň esasy manysy düşnüksiz bolsa, munuň özi meýilnamanyň ýalňyş düzülendigini aňladýar. Diňe bir konsepsiýanyň birsydyrgynlygy ýeterlik däl. Birnäçe setirde şu taslamanyň öz ulgamynda haýsy bäsdeşlik artykmaçlygynyň barlygyny düşündirip bilmeli, sebäbi maýagoýumçy siziň nähili ýagdaýda üstünlik gazanmakçy bolýandygyňyzy bilmek zerur.
Netijeli biznes-meýilnamada, taslamanyň gymmaty nämede, adamlar näme üçin şu önüm ýa-da hyzmat üçin tölemek islärler, başlamak üçin näçe pul gerek boljak, ösüşiň mümkinçiligi nähili, töwekgelçilik näderejede we telekeçi hökmünde howplardan hötde gelmek üçin nämeler meýilleşdirilýär, onuň bäsdeşleri kimler, işdeşleri kimler, komandasynyň agzalary kimler barada hökman aýdylmalydyr. Onuň içine girdejileriň we çykdajylaryň ähli çeşmeleri jikme-jik girizilmelidir. Esasy mesele: amala aşyryljak iş nähili girdeji getirer? Ondan-da wajyby: kärhana haçan girdeji getirip başlar? Şonuň üçin biznes-meýilnamada soňky maliýe görkezijiler (eger-de kärhana işleýän bolsa) ýa-da çaklamalar barada bölüm bolmalydyr.
Serişdeleri çäkli, ýaňy başlaýan kompaniýalar üçin, her çärýek boýunça debitor we kreditor bergililik görkezilen, pul serişdeleriniň herekedi hakda hasabat möhüm rol oýnaýandyr.
Biznes-meýilnamaňyzy iň ýokary derejä ýetireniňizden soň, ony ulanman ýygnap goýmaň. Biznes-meýilnama – bu diňe işiň başydyr. Kärhananyň işini meýilleşdirmek, deňizde gämini sürmek bilen birdir: ugruňy elmydama üýtgedip durmalydyr. Meýilnamanyň bir özüniň ullakan bir gymmaty ýokdyr. Yzyňa dolanyp, oňa ýene-de bir gezek göz gezdirmek, näçe kyn hem bolsa, nirede ýalňyşlyk goýbereniňizi bilmek wajypdyr.

ÇEŞME: Türkmenistanyň Söwda senagat edarasy

Bu Entryni Paýlaş !

  1. hristo-tomow (2 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...