Magtymguly Pyragy - Türkmeniň

+1 ses
917
Awtor: (Talyp) | Kategoriýa: Edebiýat | 06.06.2018 10:30 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#149)
Jeýhun bilen bahry-Hazar arasy,
Çöl üstünden öser  ýeli Türkmeniň;
Gül-gunçasy – gara gözüm garasy,
Gara dagdan iner sili Türkmeniň.

Hak sylamyş bardyr onuň saýasy,
Çyrpynşar çölünde neri, maýasy,
Reňbe-reň gül açar ýaşyl ýaýlasy,
Gark bolmuş reýhana çöli Türkmeniň.

Al-ýaşyl bürenip çykar perisi,
Kükeýip bark urar anbaryň ysy,
Beg, töre, aksakal ýurduň eýesi,
Küren tutar gözel ili Türkmeniň.

Ol merdiň ogludyr, mertdir pederi,
Görogly gardaşy, serhoşdyr seri,
Dagda, düzde kowsa, saýýatlar dirii
Ala bilmez, ýolbars ogly Türkmeniň.

Köňüller, ýürekler bir bolup başlar,
Tartsa ýygyn, erär topraklar-daşlar,
Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,
Göteriler ol ykbaly Türkmeniň.

Köňül howalanar ata çykanda,
Daglar lagla döner gyýa bakanda,
Bal getirer, joşup derýa akanda,
Bent tutdurmaz, gelse sili Türkmeniň.

Gapyl galmaz, döwüş güni har olmaz,
Gargyşa, nazara giriftar olmaz,
Bilbilden aýrylyp, solup, saralmaz,
Daýym anbar saçar güli Türkmeniň.

Tireler gardaşdyr, urug ýarydyr,
Ykballar ters gelmez hakyň nurudyr,
Mertler ata çyksa, söweş sarydyr,
Ýow üstüne ýörär ýoly Türkmeniň.

Serhoş bolup çykar, jiger daglanmaz,
Daşlary syndyrar, ýoly baglanmaz,
Gözüm gaýra düşmez köňül eglenmez,
Magtymguly – sözlär dili Türkmeniň.

4 Teswir

+2 ses
Awtor: (Talyp) | 20.03.2026 23:15 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#525)
DrWaltBishop, Magtymguly atamyzyň şygyrlaryny okasam hemişe buýsanç duýýaryn, saýlan goşgyňyzam örän täsirli. Siz hem Magtymgulynyň goşgularyny ýatdan bilýäňizmi?
+3 ses
Awtor: (Talyp) | 22.03.2026 19:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#699)
Beýik şahyrymyzyň goşgysyny okap, ýene bir gezek buýsandym. Hakykatdanam, Magtymguly atamyzyň sözleri kalbyňy ýada salýar, sag boluň şeýle täsirli goşgyny paýlaşanyňyz üçin.
+3 ses
Awtor: (Talyp) | 29.03.2026 06:45 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1220)
Beýik şahyrymyzyň goşgusyny okap, ýene bir gezek guwandym. Magtymguly atamyzyň sözleri hakykatdanam kalbymyza ruh berýär.
0 ses
Awtor: (Talyp) | 17.04.2026 15:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2810)
Beýik şahyrymyzyň bu setirleri hemişe kalbymy joşdurýar, halkymyzyň merdanalygyny neýçenli owadan suratlandyrypdyr. Magtymguly atamyzyň goşgularyny okaýanymyzda, özümizi has guwanlygymyzy has çuňňur duýýarys.

Bu Entryni Paýlaş !

  1. nazaroff (653 oçko)
  2. semiz-we-aynekli (389 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...