Türkmenistandan daşary ýurda çykmak günbe gün kynlaşýar

0 ses
252
Awtor: (Magistr) | Kategoriýa: Habarlar | 13.06.2018 08:11 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#152)
Türkmenistan garaşsyzlygyny alandan soň, başda Türkiýe bolmak bilen Russiýa Federasiýasy, Ukraina, Belarus hem ÝB-niň ýurtlaryna ýokary okuw jaýlarynda okamaga gidýänleriň köpelendigi aýdylýar.
Daşary ýurtlarda ýokary bilim alýan türkmenistanly studentleriň käbiriniň dynç alyş ýa-da başga saý-sebäp bilen öýüne dolananlarynda, yzyna goýberilmeýändigi aýan bolýar. Daşary döwletlere syýahat etmek isleýän türkmen raýatlaryna Aşgabadyň aeroportyň migrasiýa gullugy tarapyndan gadagançylyklaryň artýandygyny ýaşaýjylardan eşitse bolýar.
13-nji fewral 2018-de hiç hili sebäp aýdylman Aşgabatdan Stambula uçýan uçara ortaça 70 ýolagçy goýberilmedi. Şonda aglabasy lebaply we daşoguzly zenanlardan kiçi göwrümdäki protest çäresini geçirdiler.
Hat-da 2018 Aprel aýynda Daşoguz welaýatynyň ýaşaýjysy, Stambula gidýän halkara uçara üç gezek goýberilmedik raýat öz janyna kast etdi.
Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynda ýaşaýan erkek üç gezek Türkiýä gitmäge synanyşdy, emma bu başa barmady. Üçünji gezek hem uçardan alyp galanlaryndan soň, oňa ýurtdan hiç wagt goýberilmejegini aýtdylar. Ol şondan soň öz öýüniň işigindäki daragtdan özüni asdy. Ol bergi-borja batyp, bilet satyn aldy, emma bergisini yzyna gaýtaryp bilmedi we bu onuň özüni heläklemegine sebäp boldy.
“Ol gün-güzeranynyň ýaramazlaşmagy sebäpli çagalaryny bir wagtyna hem naharlap bilmeýär. Çagalarynyň mekdebe ýyrtyk egin-eşikde gatnamagyna namys edip,  uly prosentine karz pul alyp, Türkiýä gazanç etmäge gitmekçi bolýar. Emma onuň bu synanyşygy başa barmansoň, alan karzyny üzüp bilmejegini bilip, ‘garyplykdan we işsizlikden ýadadym’ diýen ýazgy galdyryp, öz janyna kast edýär” diýip merhumyň garyndaşy habar berýär.
Ýatladyňyza düşse, öňem 28-nji maýda Aşgabatda bir aýalyň migrasiýa gullugynyň işgäri bilen bolan dawadan soň heläk bolupdy. Ol aýal hem Türkiýä gidýän uçara goýberilmändi. Şondan iki gün soň prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy Mergen Gurdow-a berk käýinç beripdi.

ÇEŞME: Türkmenistanyň Hronikasy

18 Teswir

0 ses
Awtor: (Talyp) | 29.04.2026 16:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#3678)
Wagt geçdigiçe ýagdaý hasam kynlaşýar, gaty gynançly ýagdaýlar. Bu ýerde iş tapman daşary ýurda gitjek bolýanlaryň ýagdaýy hakykatdan hem ýürek awadýar.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 02.05.2026 20:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#3903)
Bu ýagdaýlar hakykatdan hem ýürek awladýar, näme üçin adamlara şeýle kynçylyk döredýärler düşünenok. Ýurdumyzda iş orunlary köpeläýse, belki hiç kim daşary ýurda gitmäge mejbur bolmazdy.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 10.05.2026 15:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#4567)
Durdy, bu ýagdaýlar hakykatdanam örän gynançly we näme üçin beýle kynçylyk döredýändiklerine düşünip bolanok. Adamlaryň ykbaly bilen beýle oýun oýnamak bolmaz ahyry.
+2 ses
Awtor: (Magistr) | 15.05.2026 11:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#4958)
Durdy, bu hakykatdan hem gaty gynandyryjy ýagdaý. Adamlaryň özbaşdak ýaşamak üçin şeýle çärelere baş urmagy ýüregiňi agyrdýar, bu ýagdaý haçan düzeler diýýärsiňiz?
0 ses
Awtor: (Magistr) | 22.05.2026 04:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#5582)
Durdy, bu ýagdaýlar hakykatdanam örän gynançly. Ýurtda işsizlik we garyplyk zerarly adamlaryň öz janyna kast etmegi barha köpelýär, bu meselelere haçan çözgüt tapylar bika?
+1 ses
Awtor: (Magistr) | 22.05.2026 15:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#5626)
Hakykatdan hem ýagdaý gaty agyrlaşdy, adamlar umytsyzlykdan näme etjegini bilmeýärler. Şeýle pajygaly wakalary eşidip, ydensoň, adamyň ýüregi agyrýar.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 24.05.2026 00:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#5757)
Hakykatdanam ýagdaý gaty agyr. Adamlaryň umydyň ykbaly bilen şeýle oýun oýnamak nähili günäka, ýürek agyryjy zat.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 03.06.2026 15:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#6531)
Durdy, bu ýagdaýlar hakykatdan hem ýürek awadýar, ynsanlaryň öz janyna kast etmegine çenli barýan ýagdaýa düşmegi gaty gorkunç. Görüp otursak, halkyň ýaşaýyş derejesi we işsizlik meselesi gitdigiçe agyrlaşýan ýaly bolup görünýär.

Bu Entryni Paýlaş !

  1. bet-turkmen (91 oçko)
  2. nazaroff (81 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...