Stambulda ýogalan türkmenistanly Maral Klyçewa hossar gözlenýär

+4 ses
285
Awtor: (Magistr) | Kategoriýa: Habarlar | 23.06.2018 13:24 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#157)
Sosial mediada türkmenistanly migrantlaryň ýaýradýan bildirişlerinde Stambulda ýogalan daşoguzly migrant zenana hossar gözlenýändigi habar berilýär we merhumyň Türkmenistanyň biometriki bolmaýan köne pasporty bilen türk keselhanasy tarapyndan berlen ölüm habarnamasy halk köpçüligine görkezilýär.
Stambulyň Medeniýet uniwersitetiniň Göztepe ylmy-barlag keselhanasy tarapyndan taýýarlanan ölüm habarnamasynda, Türkmenistanyň raýaty, Daşoguz welaýatynyň ýaşaýjysy we 1968-nji ýylda doglan Maral Kylyçewanyň 12-nji iýunda aradan çykandygy we Türkiýede kanuny ýagdaýynyň bolmandygy beýan edilýär.
Resminamada türkmen migrant zenanynyň ölüm sebäbiniň ýokanç kesel sebäpli bolmandygy üçin bedeniniň hem barlagdan geçirilmän, morga iberilendigi ýazylypdyr.
Türkiýedäki Türkmen habar gulluklary merhum türkmen migrant zenanynyň ykbaly bilen gyzyklanyp, Stambulyň Medeniýet uniwersitetiniň Göztepe ylmy-barlag keselhanasyndan maglumat almaga synanyşdy. Emma keselhananyň işgärleri telefonda merhumlar barada hiç kime jikme-jik maglumatyň berilmeýändigini, diňe hossarlary ýüz tutanda, olara şeýle maglumatyň berilýändigini aýtdylar.
Ýogalan daşoguzly zenanyň bir öýde bile ýaşan obadaşynyň aýtmagyna görä, merhum owal iki gezek damarlaryny açdyran ekeni.

MARAL KLYÇEWANYŇ Pasporty: http://i.hizliresim.com/lZrjll.jpg

15 Teswir

+1 ses
Awtor: (Magistr) | 08.06.2026 12:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#6985)
Jany jennet bolsun, hakykatdanam gaty gynançly ýagdaý. Daşary ýurtlarda şeýle ýagdaýa düşen ildeşlerimiz üçin kömekleşmek örän möhüm, hossarlarynyň tizräk tapylmagyny dileýärin.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 12.06.2026 11:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#7362)
Jany sag bolsun, hossarlary tizräk tapylar diýip umyt edýärin. Daşary ýurtda ýeke ýogalmak hakykatdanam örän agyr zat, görgi gören eken.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 17.06.2026 17:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#7862)
Jany jennetden bolsun, gaty gynançly ýagdaý. Birleşip hossarlaryny tapmaga kömek edeliň, belki tanajak birileri çykyp galar.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 09.07.2026 18:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#9950)
Jany sag bolsun, hossarlary tizräk tapylar diýip umyt edýärin. Daşary ýurtda ýeke galmak hakykatdan hem agyr zat, Alla özü ýalkasyn.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 24.07.2026 21:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#11401)
Jany sag bolsun, hakykatdanam gaty gynançly ýagdaý. Allah rehnet etsin, dogan-garyndaşlary tizräk tapylar diýip umyt edýärin.

Bu Entryni Paýlaş !

Kategoriýalar

  1. nazaroff (624 oçko)
  2. merdan96 (538 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...