Daşoguzdaky Ýokary Okuw Jaýlary türkmen bolmadyklary kabul edenok

+8 ses
190
Awtor: (Magistr) | Kategoriýa: Ylym Bilim | 01.08.2018 13:19 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#178)
Şu günler Türkmenistanyň ýokary we orta hünärmenlik okuw jaýlarynyň aglabasyna giriş synaglary başlandy. Bu çäräniň başlanmagy bilen, Daşogzuň ýokary okuw jaýlaryna okuwa girmek üçin dokumentlerini tabşyrmaga baran käbir abituriýentler dürli kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.
Howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň efirde atlandyrylmasyzlygyny soran daşoguzly çeşmämiz welaýatyň Mugallymçylyk orta hünärmenlik mekdebine we Oba-hojalyk institutyna giriş synaglarynyň geçen hepde başlanandygyny we oňa milleti türkmen bolmadyk ýaşlaryň kabul edilmeýändigini habar berýär.
“Häzir giriş synaglaryna baran milleti türkmen bolmadyk ýaşlary yzlaryna gaýtarýarlar. Okuw jaýlarynyň resmileri okuwa girmek isleýän başga milletiň çagalaryna ‘Pasportyňyza türkmen diýip ýazdyryp geliň. Ýaşaýan etrabyňyzyň pasport bölümine baryp, okuwa girjegiňizi aýtsaňyz, bir aýa ýetmän düzedip berýärler’ diýip, maslahat beripdirler” diýip, çeşmämiz bu barada özüne tatar, gazak we özbek milletinden bolan ýaşlaryň gürrüň berendigini aýtdy.
Mundanam başga, ol geçen hepde giriş synaglaryna gatnaşan daşoguzly ýaşlaryň ençemesine salgylanyp, welaýatyň Mugallymçylyk we Lukmançylyk orta hünärmenlik mekdeplerinde okuwa girmek isleýän abituriýentlerden soralýan paranyň möçberiniň şu ýyl 120000-160000 manada (öňki pul hasabynda 600-800 million manat) ýetendigini öňe sürýär.
Daşoguzdaky Oba-hojalyk institutyna okuwa girmek isleýän ýaşlardan soralýan paranyň möçberi bolsa, şu ýyl 500000-600000 manada (öňki pul hasabynda 2,5-3 milliard manat) ýetdi.

5 Teswir

+2 ses
Awtor: (Talyp) | 28.03.2026 03:45 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1114)
Bu hakykatdanam biynjalyk ediji ýagdaý, näme üçin şeýle kemsidiji çäreleri görýärler? Adamlaryň öz milli buýsanjy bilen oýnamak örän nädogry zat.
+2 ses
Awtor: (Magistr) | 05.04.2026 04:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1872)
Bu zatlar edil erteki ýaly, adam çagalaryny nädip bölýärler düşünip bilemok. Dogrudanam şeýle ýagdaý bolsa, geljegimiz nirä gidip barýarys diýip sorasym gelýär.
+1 ses
Awtor: (Magistr) | 16.04.2026 11:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2711)
Bu zatlar dogrudan hem gaty gynandyrýar, näme üçin hemişe adamlaryň ykbaly bilen oýnaýarlar? Bilim almak ähli ýaşlar üçin deň hukukly bolmalydy-da, paranyň möçberini eşidip hem ýakamy tutdum.
0 ses
Awtor: (Talyp) | 17.04.2026 00:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2756)
Bu ýagdaýlar örän gynandyryjy, ýaşlaryň geljegine baha kesmek nädogry. Görüp otursak, parahorluk hem ýylsaýyn has çylşyrymlaşýan ekeni.
0 ses
Awtor: (Talyp) | 20.05.2026 15:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#5438)
Bu ýagdaýa hakykatdanam ynanyp bolanok, adalat ýoklugy ýaşlaryň geljegine uly zyýan ýetirýär. Şeýle para talaplary barada ýokary ýerlere arza ýazmagyň peýdasy barmyka, ýa-da hemmesi öňünden kesgitlenenmi?

Bu Entryni Paýlaş !

  1. nazaroff (468 oçko)
  2. bet-turkmen (449 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...