Dostlar, geçen gün internetde Türkmenistanda 60 müňden gowrak adamyň nemes dilini öwrenýändigi barada habar okadym we çynymy aýtsam, muňa örän begendim. Özüm hem bir wagtlar nemes dilini öwrenjek bolup biraz synanyşypdym, dogrusy kyn emma örän gyzykly dil. Ýaşlarymyzyň daşary ýurt dillerine, şol sanda nemes diline bolan höwesiniň artýandygy geljegimiz üçin örän gowy alamat. Siz näme pikir edýärsiňiz, nemes dili geljekde bize nähili mümkinçilikler açyp biler we arňyzda şu wagt nemes dilini öwrenýänler barmy?