Dostlar, eşiden bolsaňyz gerek, 8-nji oktýabrda geçjek RAF ýaryşynda Çimaýew bilen Kowingtonyň duşuşjakdygy baradaky habar meni örän tolgunhdyrdy. Iki sany gaty güýçli we özüne çekiji söweşijiniň ringde ýüzbe-ýüz bolmagy sport dünýäsinde hakyky baýramçylyk bolar öýdýärin. Açygyny aýtsam, men köp wagtdan bäri şu duşuşyga garaşýardym, sebäbi olaryň ikisiniň hem stili tapawutly we gyzykly. Siziň pikiriňizçe, bu söweşde kim ýeňer we olaryň haýsysynyň tehniki taýdan has güýçli diýip hasaplaýarsyňyz?