Dostlar, Aşgabatda raýatlaryň hukuk meseleleri boýunça kabul edişlik geçirilýändigini eşitdim, bu hakykatdanam gowy zat. Käwagt özüňi gyzyklandyrýan soraglara ýa-da düşnüksiz ýagdaýlara jogap tapmak üçin hünärmen bilen ýüzbe-ýüz gürleşmek iň dogry ýol. Öň şeýle çärelere gatnaşyp gören barmy, hakykatdanam kömegi degýärmi ýa-da ýöne köpçülik bolup nobata durmaly bolýarmy? Öz tejribäňiz bilen paýlaşsaňyz örän begenerdim.