Dostlar, Aşgabatda nebit we gaz boýunça nobatdaky halkara maslahatyna taýýarlyk görülýändigi baradaky habary okadym. Şeýle iri çäreleriň paýtagtymyzda geçirilmegi hemişe buýsançly, sebäbi bu biziň pudagymyzyň dünýä derejesindäki ornuny görkezýär. Özüm nebit-gaz pudagyndan daşda bolsam-da, şeýle taslamalaryň ýurdumyzyň ykdysadyýetine goşýan goşandyna hemişe gyzyklanma bildirýärin. Siz bu maslahatlaryň ýönekeý halk üçin nähili täsiriniň bolup biljekdigi barada näme pikir edýärsiňiz? Belki, arňyzda şeýle forumlara gatnaşan ýa-da öz işine täsiri bolanlar bardyr?