Dostlar, düýn eKitap sahypasyna Çapar Pay arkaly töleg edip bolýandygyny görüp örän begendim. Men köplenç kagyz kitaplary gowy görsem-de, käte ýolda okamak üçin elektron görnüşleriň has amatly bolýandygyny boýun almaly. Häzirki wagtda töleg ulgamynyň aňsatlaşmagy biziň okamak endigimizi has-da artdyrar öýdýärin. Siz elektron kitap okap gördüňizmi, ýa-da entek hem klassyky kitaplardan el üzüp bilmeýärsiňizmi?