Prezidentimiziň Gazagystana eden resmi saparynyň üstünlikli tamamlanandygy baradaky habarlary okadym, goňşy döwletler bilen dostlukly gatnaşyklaryň pugtalanmagy örän gowy ýagdaý. Men bu saparyň biziň aramyzdaky ykdysady we medeni hyzmatdaşlygy täze derejä çykarjakdygyna ynanýaryn, çünki biziň halklarymyzyň taryhy kökleri bir. Şeýle ýokary derejeli duşuşyklaryň halkymyzyň ýaşaýyş durmuşyna oňyn täsir etjekdigi hemmämize mälimdir. Siz bu saparyň netijeleri barada näme pikir edýärsiňiz, geljekde nähili täzeliklere garaşýarsyňyz?