Birinji liganyň çempiýony "Köpetdag II"

+3 ses
284
user-avatar-image Awtor: (Magistr) | Kategoriýa: Sport | 26.11.2018 05:04 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#224)
Ýokary liganyň jemleýji tapgyryndan bir gün öň Birinji liganyň çempiony hem kesgitlenildi. Ýaryş Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň “Köpetdag” futbol toparynyň ikinji düzüminiň çempionlygy bilen tamamlandy.

Ýurdumyzda Birinji liganyň ýaryşlary zolaklaýyn görnüşde geçirilýär. Zolak ýaryşlarynyň çempionlary bolsa her ýyl möwsümiň ahyrynda geçirilýän jemleýji ýaryşa gatnaşýarlar. Aýlaw görnüşinde geçirilýän şol ýaryşyň netijesinde-de Birinji liganyň çempiony kesgitlenilýär.

Şu ýyl aýgytly ýaryşa Ahal welaýatyndan “Ýedigen”, Balkan welaýatyndan “Türkmennebit”, Daşoguz welaýatyndan “Görogly”, Jeýhun ýakasyndan “Bagtyýarlyk”, Mary welaýatyndan “Energetik II”, paýtagtymyzdan bolsa “Köpetdag II” toparlary gatnaşdy. Geçirilen bäş tapgyryň duşuşyklarynyň birinde-de ýeňilmedik Içeri işler ministrliginiň topary şol duşuşyklarda mümkin bolan 15 utugyň ählisini toplady. Bäş duşuşykda garşydaş derwezelere 19 pökgi geçiren toparyň futbolçylary öz derwezesinde 8 pökgi gördüler.

Lebapdan gelen futbolçylar ýaryşy ikinji orunda tamamladylar. Welaýatyň çempiony bolan “Bagtyýarlyk” futbol topary aýgytlaýjy ýaryşda diňe çempiondan utuldy, beýleki garşydaşlarynyň ählisinden rüstem geldi. Şeýlelikde, topar ýaryşy 12 utuk bilen tamamlady.

Iň soňky tapgyrda “Ýedigenden” 2:3 hasabynda üstün çykan “Türkmennebit” Birinji liganyň bürünç medalyna mynasyp boldy. Bäş duşuşykda 4 utuk toplap bilen daşoguzly futbolçylar dördünji orny eýelän bolsa, bäşinji we altynjy basgançaklardaky “Ýedigen” bilen “Energetik II” ýaryşy 3 utuk bilen tamamlady.

Birinji liga ýurdumyzyň sebitlerinde futboly ösdürmekde ähmiýetlidir. Bu ýaryş zehinli ýaş futbolçylaryň ýüze çykarylmagyna we olaryň Ýokary ligada çykyş edýän toparlaryň düzümine çagyrylmagyna mümkinçilik berýär.

“Köpetdag II-den” Ýazgylyç Gurbanow bu gezekki ýaryşyň iň ökde futbolçysy boldy. “Bagtyýarlygyň” 16 ýaşly futbolçysy Meýlis Durdyýew bolsa ýaryşda iň köp tapawutlanan futbolçy bolmagy başardy.

18 Teswir

0 ses
Awtor: (Magistr) | 09.06.2026 05:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#7051)
Köpetdag II hakykatdan hem gowy oýnady, ýaşlarymyzyň zehinli bolmagy guwandyrýar. Görüp otursak, indiki möwsüm Ýokary ligada gyzykly bäsleşik bolar öýdýän.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 11.06.2026 00:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#7223)
Gyzgyn, Köpetdag II dogrudanam gowy oýnady, ýöne ýaş futbolçylaryň ösüşi barada ýazan zatlaryň has-da möhüm. Meýlis Durdyýew ýaly ýaşlar gələjekde uly derejelere ýeter diýip umyt edýärin.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 17.06.2026 08:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#7826)
Gyzgyn, Köpetdag II bu ýyl hakykatdanam örän güýçli oýnady, ýaşlaryň ösüşi göz guwandyrýar. Geljekde şu ýigitleri Ýokary ligada görüp bileris öýdýärin, ýaryşyň derejesi ýylsaýyn artýar.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 03.07.2026 08:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#9352)
Köpetdagyň ikinji düzümi gaty gowy oýnapdyr, geljekde Ýokary ligada hasam öwrenişerler diýip umyt edýärin. Ýaş zehinleriň ýüze çykarylýany gowy zat, ylaýta-da Meýlis ýaly ýaşlara goldaw gerek.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 10.07.2026 20:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#10052)
Köpetdagyň ikinji düzümi hakykatdanam örän güýçli oýnady, geljegimiz üçin şeýle ýaşlaryň ýüze çykmagy gaty gowy zat. Göräýmeli, bu oglanlardan geljekde kimler Ýokary ligada özüni görkezip bilerka.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 18.07.2026 21:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#10823)
Köpetdagyň ýaşlary hakykatdan hem gowy oýnadylar, geljekde Ýokary ligada olardan uly üstünliklere garaşýarys. Bagtyýarlygyň 16 ýaşly oýunçysy Meýlisiň adyny bolsa indiki möwsümde köp eşideris öýdýän.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 27.07.2026 04:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#11622)
Köpetdagyň ikinji düzümi hakykatdanam örän güýçli oýun görkezdi, ýaşlarymyzyň zehinine guwanýaryn. Geljekde şu ýaşlarymyzy Ýokary ligada has köp görüp bileris öýdýärin.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 28.07.2026 23:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#11782)
Köpetdagyň ýaşlaryny gutlaýaryn, hakykatdanam täsirli netije görkezdiler. Geljekde ýokary ligada hem şeýle şowly çykyş ederler diýip umyt edýärin.

Bu Entryni Paýlaş !

  1. nazaroff (568 oçko)
  2. merdan96 (487 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...