Mämmetweli Kemine (1770-1840)

+4 ses
1.6k
user-avatar-image Awtor: (Magistr) | Kategoriýa: Biýografiýa | 04.12.2018 06:45 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#231)
Türkmen halkynyň arasynda sarpasy belent tutulyp, ady dillerden düşmän gelýän iň meşhur klassyk şahyrlaryň biri Keminedir. Satiranyň taýsyz ussady Kemine garyp-pukaranyň çyn hossary, arslan ýürekli arkadagy hem şahyry hökmünde şan-şöhrata eýedir. XIX asyr türkmen edebiýatynda ýüz görmän, ýagşa-ýagşy, ýamana-ýaman diýip bilen iň demokratik şahyr Mämmetweli Keminedir.

ÖMRI:
Kemine Sarahs töwereginde 1770-nji ýylda Garadöwletiň maşgalasynda eneden bolýar. Ol kämillik ýyllaryny Sarahs, Mary etraplarynda geçiripdir. Kemine Sarahsda oba mekdebinde başlangyç bilimi alýar. Soňra şol ýerde bir ahundan ýörite sapak alyp başlaýar. Emma bu hem bilesigeliji Mämmetwelini kanagatlandyrmandyr. Halk arasyndaky gürrüňe görä, ol ilki Buhara medreseleriniň birinde okaýar, soňra bilimini kämilleşdirmek maksat bilen Hywa gidýär we ol ýerde Äraly işandan sapak alypdyr. Mahlasy, Mämmetweli Kemine köp ýurtlary gören, Äraly işan ýaly döwrüniň meşhur piri bilen deň derejede sowatly bolan adam bolupdyr. Kemine obadaşy Gurbanbagt diýen gyz bilen maşgala durmuşyny gurýar. Olaryň Allaýar hem Hadaýýar atly iki ogly bolupdyr. Kemine bilen Gurbanbagt 29 ýyl ýaşaşandan soň, çagalarynyň ejesi aradan çykýar. Şahyr ýassykdaşynyň ölüm aýralygy hakynda:
Bir kem otuz ýyldyr sürüşdim döwran,
Ýar sensiz gerekmez bu pany jahan- diýip ýazypdyr.
Kemine deň-duşlary bilen oturuşmagy, saz-söhbeti söýen şahyrlaryň biri. Kemine "Yşk mülküniň şasy" Mollanepes bilen hem ýakyn aragatnaşykda bolupdyr diýlip, halk rawaýatlarynyň birinde aýdylýar. Ol ýaşlykdan wäşi, gepe çeper ýigit bolupdyr. Keminäniň ýomaklary, şorta sözleri köp temaly. Şahyryň adyna aýdylýan "Büre dermany", "Belli bir ýerini soraň", "Içinde özüm hem bardym", "Kemine we ogry" ýaly onlarça şorta sözleri türkmen halkynyň ähli künjegine ýaýrap, zamanasynda örän şöhratlanypdyr. Kemine 70 ýaşap, 1840-njy ýylda aradan çykypdyr. Şahyryň nebereleriniň köpüsi häzir Baýramaly, Türkmengala etraplarynda ýaşaýarlar.

DÖREDIJILIGI:
Keminäniň çuňňur many mazmunly, giň temaly döredijiligi bar. Şahyr halk köpçüliginiň üstüne garyplygyň agyr ýük bolup düşendigini "Garyplyk" atly goşgysynda şeýle aňladypdyr.

Günde müň gussam bar ýüz elim bilen,
Derdimiň baryndan beter garyplyk;
Soragy men boldum gaýgy-gam bilen,
Gelip düşer hatar-hatar garyplyk.

Kemine topragyny, il-gününi jan-dilden söýüp, onuň bagtly gelejegini arzuw eden ynsanperwer şahyr. Onuň ynsanperwerlik duýgusy, mähir-muhabbeti söýgi lirikasynda-da özüni doly äşgär edýär. Keminäniň "Gelinler", "Zülpüň", "Bilbile gel" goşgularynyň ynsanperwerlik ideýasy, milli ruhy, "Örtär meni", Arzym aýdaýyn", "Diýmänmişim hamana", "Güllere", "Gyzlaryň" ýaly söýgi temadan döreden onlap eserlerine mahsusdyr. Olaryň hemmesi birleşip, Kemine şahyryň gelin-gyzlara hormat goýýan, kalby päk, ynsan söýüji adam bolandygyna şek-şüwhe goýmaýar. Şahyryň eserleri doganlyk halklaryň dillerine terjime edilip, dürli ýygyndylarda ýa-da özbaşdak kitap edilip çykaryldy. Şahyryň heniz ýaşap ýören döwründe "Garşy", "Ogulbike", "Gola gel", "Ogulbeg", "Derdindim", "Içinde", "Ynanmaz", "Akmeňli" ýaly goşgulary aýdyma öwrülipdir. Şahyryň golýazmalary 20-nji asyra gelip ýetmändir. Ýakup Annanurow 1940-njy ýylda Keminäniň portredini döretdi. Şahyr barada Petr Skosyýew "Siziň sadyk gulyňyz", Gurbandurdy Gurbansähedow "Kyrk teňňe" powestlerini, Bazar Amanow "Kemine" komediýasyny döretdi.
1940-njy ýylda Keminäniň aradan çykanynyň 100 ýyllygy giňden bellenildi. 1971-nji ýylda bolsa beýik şahyryň doglan güniniň 200 ýyllyk ýubileýi beýleki döwletlerden myhmanlar çagyrylyp, halkara möçberinde bellenilip geçildi. Türkmen edebiýatynyň beýleki klassyklary bilen bir hatarda, Keminäniň ady hem ebedileşdirilýär. Garaşsyz Türkmenistan döwletiniň paýtagty Aşgabadyň merkezi köçeleriniň birine, Marynyň drama teatryna, onuň nebereleriniň Türkmengala etrabynda ýaşaýan obasyna onuň ady dakyldy.

ÇEŞME: Gollanma

21 Teswir

+2 ses
Awtor: (Magistr) | 10.05.2026 05:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#4525)
Keminaniň şorta sözlerini okap, hemişe ýylgyrýaryn, hakykatdanam halkymyzyň öwüt-nesihatly hazynasy. Onuň goşgularyny ýatdan bilýänler barmyka biziň aramyzda?
+1 ses
Awtor: (Magistr) | 11.05.2026 14:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#4656)
Keminenin şorta sözlerini okanda hemişe gülkünç ýagdaýlara düşüp, ýylgyrman durup bilmeýärin. Hakykatdanam, halkymyzyň şeýle bir zehinli şahyrynyň bolmagy guwandyrýar.
+2 ses
Awtor: (Magistr) | 20.05.2026 20:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#5456)
Kemine şahyryň şorta sözlerini okanda hemişe gülüp, bir tarapdan hem oýlanýarsyň. Hakykatdanam, türkmen edebiýatynyň iň täsirli we halkçyl şahyrlarynyň biri.
+2 ses
Awtor: (Magistr) | 30.05.2026 10:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#6134)
Keminenin yumor duýgusyna we sada halk dilinde ýazan goşgularyna hemişe haýran galýaryn. Mekdepde okap ýörkäm, onuň ogry hakdaky şorta sözleri entegem ýadymdan çykanok.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 01.06.2026 05:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#6302)
Sag bol, gyzgyn, Kemine şahyryň şorta sözlerini okanda häzirem gülkiden ýakaňy tutup bolmaýar. Sen onuň goşgularyndan haýsysyny has köp halaýarsyň?
0 ses
Awtor: (Magistr) | 05.06.2026 05:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#6678)
Kemine babanyn şorta sözlerini okanda henizem gülüp doýup bolmaýar, hakykatdanam halkymyzyň buýsanjy. Bilimi hem-de ynsanperwerligi bilen hemişe ýadymyzda galmaly şahyr.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 21.06.2026 14:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#8235)
Sag bol gyzgyn, Kemine babamyzyň şorta sözlerini okanda häzirem gülkini saklap bolmaýar, hakyky halky şahyrdа. Onuň goşgularyny ýat tutmak hem örän ýakymly, bular ýaly taryhy maglumatlary paýlaşanyň üçin köp sag bol.
0 ses
Awtor: (Doktor) | 04.07.2026 11:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#9459)
Kemine babanyň şorta sözlerini okanda hemişe gülkünç ýagdaýlara düşsek-de, onuň çuňňur manysy adamy oýa batyrýar. Hakykatdan hem, türkmen halky üçin şeýle şahyrlaryň adynyň ebedileşdirilmegi örän uly buýsanç.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 11.07.2026 18:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#10140)
Sag bol gyzgyn, Keminenin gürrüňleri barada okamak hemişe gyzykly, hakyky halkymyzyň şahyry ahyry. Onuň degişmelerini eşidenimizde entegem ýylgyrýarys, hakykatdanam öz döwründen öňe gidip pikirlenen adam eken.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 03.08.2026 15:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#12324)
Gyzgyn, paylanyň üçin köp sag bol, Kemine babamyzyň şorta sözlerini okanda ýüzümize hemişe ýylgyryş çaýylýar. Onuň durmuşy we döredijiligi barada ýene-de täsin maglumatlary barmy, ýa-da haýsy şorta sözüni has gowy görýärsiňiz?

Bu Entryni Paýlaş !

Kategoriýalar

  1. nazaroff (376 oçko)
  2. merdan96 (335 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...