Täze Ýyl - 1 Ýanwar 2019

+3 ses
228
Awtor: (Magistr) | Kategoriýa: Gep-Gürrüň | 31.12.2018 21:07 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#292)
Ýaňyja täzeje bir ýyla 2019-a girdik. Geçen ýyl 2018 köp adamlar üçin ylaýta-da Türkmen halkymyz üçin biraz kynrak geçdi. Gerek ykdysady krizis, gerek sosiýal we demografiki ýagdaýlar sebäpli dürli kynçylyklar baş görkezdi. Indi hemmämiziň aklymyzda täze ýyl 2019 nähili bolarka sorag bar. 2018-den has hem beter mi ýogsam tersine has gowy my geçer?
Hytaý kalendaryna görä 2018 it ýyly bolup 2 element (ýokarda toprak aşakda-da toprak) bilen gelipdi. Toprak pozitiw tarapdan dogruçylygy we deňçiligi aňladýarka, negatiw tarapdan-da gaýgy we dargynlyga yşarat edýär. Ýagny, 2018 käbirileri üçin gowy geçen hem bolsa, köpler üçin gaýgyly geçdi. Indi 2019 ýyly bolsa doňuz ýyly diýlip atlandyrylýar. 2 elementi bolsa ýokarda toprak aşakda bolsa suw bilen symbollandyrylýar. Bu nämäni aňladýan bolup biler. Ilki bilen-ä topragyň aşagynda suwuň bolmagy, durnuksyzlygy (taýpançaklygy, gaýymsyzlygy, ykjamsyzlygy) aňladýan bolup biler. Ýagny, umuman 2019 ýyly geçen ýyla garandan has hem kynçylykly geçmegi ähtimal.
Öte tarapdan, suw pozitiw tarapdan abadançylygy, negatiw tarapdan bolsa gorkyny symbollandyrýar. Yagny käbirleri abandaçylykda ýaşaýarka, käbirleri-de söweş ýa-da tebigy betbagtçylyk we belalar (ylaýta-da ýer titreme, zelzele, toprak taýmasy, ýer açylmasy ýaly) bilen garşylaşyp biler.
Yslamy usullara seredenimizde, ebjet hasabyna görä 2019-a deň gelýän birnäçe aýatlar bar. Mysal üçin,

(Yusup süresi, 7-nji aýat)
And bolsun, Yusup we doganlarynda soranlar üçin aýatlar (mysallar) bardyr.

(Şura süresi, 52-nji aýat)
Şübhesiz sen dos-dogry bolan bir ýola gönükdirýär, ýoldaşlyk edýärsiň.

(Nisa süresi, 159-njy aýat)
And bolsun, kitap ehlinden, ölmezden öň oňa ynanmajak hiç kim galmaz.

(Enfal süresi, 84-nji aýat)
Hakykatdan, biz oňa ýer üstünde gaty ykjam bir kuwwat (güç) berdik.

(Zümer süresi, 61-nji aýat)
Alla, takwa eýelerini (ynanýan we ynançlaryny ýaşaýan) ýeňişe eltmek bilen halas eder.

(Enfal süresi, 18-nji aýat)
Ine size böýle... Hakykatdan Alla, gapyrlaryň hileli tertiplerini puç edijidir.

(Fatiha süresi, 5-6-njy aýat)
Biz diňeje Saňa ybadat ederis we diňeje Sen-den yardam diläris. Bizi dogry ýola elt.

(Saffat süresi, 101-nji aýat)
Biz-de ony halym (gowy, ýumşak pälli, pes pälli) bir çaga bilen buşladyk.

(Isra süresi, 7-nji aýat)
Soňunda wada wagty gelende (ýene käbir gullary ugradarys) ýüzleriňizi "ýaman ýagdaýa soksunlar" birinjisinde oňa girenleri ýaly mesjide (Kudus)-e girsinler we ele geçirenlerini "darmadagyn edip weýran etsinler".

Bulara seredemizde-de kynçylyklary aňlap bolýar. Ýöne kynçylaryklaryň soňunda Hezreti Mehdi bilen abandançylygyň hem geljegi buşlanýar.

15 Teswir

+1 ses
Awtor: (Magistr) | 07.06.2026 14:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#6895)
Gowy analiz edipsiňiz, ýöne geljek hakda şeýle bir gynançly pikirlere berilmeli däl diýýärin. Nesip bolsa 2019-njy ýyl ähli kynçylyklarymyzyň yzyna gidip, has rysgally we parahatçylykly ýyl bolar öýdýärin.
+1 ses
Awtor: (Magistr) | 11.06.2026 09:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#7259)
Ynha, bular ýaly zatlara seredip ýörmek adamy köp pikir etdirýär welin, esasy zat özüňi gowy alyp baryp, sag-aman ýaşamak. Sen bu maglumatlary nireden tapdyň, dogrusy men şeýle zatlara öň unç berip görmändirin.
+1 ses
Awtor: (Doktor) | 14.06.2026 16:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#7572)
Ýyl nähili bolsa-da, esasy zat saglyk we parahatçylyk bolsun, galany hem geler-geçer. Bu aýatlary ýylyň başynda okamak maňa hem birneme umyt berdi, geljekden gowulykdan başga zada garaşmaýarys.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 15.06.2026 10:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#7643)
DrWaltBishop, dogry aýdýarsyň, ýyl nähili geçer diýip hemmämiz aladalanýarys, ýöne umydymyzy üzmeli däl. Köp zat gowulyga tarap bolar diýip garaşýaryn, sen nähili pikirlenýärsiň?
+1 ses
Awtor: (Magistr) | 07.07.2026 03:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#9699)
Gaty gyzykly analiz bolupdyr, emma men ykbaly şeýle hasaplamalardan has köp özümiziň eden zähmetimize bagly diýip pikir edýärin. Goý, 2019 hemme zada garamazdan hem parahatçylykly we rysgal-döwletli ýyl bolsun, başga zat gerek däl.

Bu Entryni Paýlaş !

  1. nazaroff (477 oçko)
  2. selbiska (410 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...