TürkmenÄlem 52°E milli hemrasynyň hyzmat çägi giňeldi

+4 ses
246
user-avatar-image Awtor: (Magistr) | Kategoriýa: Habarlar | 11.01.2019 11:53 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#301)
Häzirki wagtda diňe bir Türkmenistanyň däl, eýsem, Orta Aziýanyň, Eýranyň, Türkiýäniň, Demirgazyk Afrikanyň çäklerine we Ýewropanyň aglaba bölegine älem retranslýatory arkaly tele we radiogepleşikleriň 35 kanaly berilýär.

“Türkmen hemarasy” ÝGPJ-niň hemradan netijeli peýdalanmak bilen meşgullanýan hünärmenleri transponderleriň 26-syndan 10-syny işledýärler, olaryň üsti bilen, esasan, daşary ýurt kompaniýalarynyň kärendesine alan kanallary, şeýle hem milli telewideniýäniň we radionyň gepleşikleri berilýär. Sloweniýanyň STN, BAE-niň WNS telegepleşikler kompaniýalary indi bir ýyldan gowrak wagt bäri milli hemranyň hyzmatlaryndan peýdalanýarlar. VSAT-hyzmatlaryny edýän CETeL nemes kompaniýasy bilen şertnama baglaşyldy. Türkmen aragatnaşyk hemrasynyň transponderleriniň kärendesi barada arap we belorus gepleşikler berýän kompaniýalary bilen gepleşikler geçirilýär.

Geçen ýyl aragatnaşykçylar kommunikasiýa ulgamlarynyň toplumyny işe girizdiler, onuň kömegi bilen hemra kanallary arkaly hyzmatlaryň ençeme görnüşi geçirilýär we retranslirlenilýär. Munuň özi hemranyň mümkinçiliklerinden peýdalanmagyň netijeliligini üç essä golaý artdyrdy. Häzirki wagtda teleport arkaly esasan ýurdumyzyň nebit-gaz pudagynda işleýän - RWE Dea AG, CNPC, BKE Shelf, PETRONAS Carigali we beýleki kompaniýalar älem hyzmatlaryndan peýdalanýarlar. Seýsmologiýa instituty ýokary tizlikli kanallary seýsmiki stansiýalar bilen dessin aragatnaşygy ýola goýmakda ulanmagy göz öňünde tutýar. Beýleki guramalar we edaralar hem oňa gyzyklanýandygyny tassykladylar.

2015-nji ýylda uçurlan «TürkmenÄlem 52°E» aragatnaşyk hemrasy birbada giň çäklerde hyzmatyndan peýdalanyjlaryň köpüsine maglumat geçirip bilýär. Hususan-da, Garagum çölündäki alys obalary durnukly aragatnaşyk we internet hyzmatlary bilen üpjün edýär. Türkmen hünärmenleriniň öňünde taslamadan mümkingadar has netijeli peýdalanmak üçin milli älem aragatnaşyk ulgamynyň ilkinji hemrasynyň mümkinçiliklerinden doly peýdalanmak wezipesi durýar.

ÇEŞME: Türkmen Portal

16 Teswir

0 ses
Awtor: (Magistr) | 21.06.2026 14:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#8232)
Gowy habar eken, esasan hem obalarda internetiň gowulanmagy örän wajyp. Göräýmeli, geljekde hemramyzyň mümkinçilikleri has hem artar diýip umyt edýärin.
+1 ses
Awtor: (Magistr) | 22.06.2026 15:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#8330)
Hemramyzyň şeýle giň çäklere hyzmat edýändigini eşidenimden begendim. Eýsem, öýlerdäki internetiň hilini ýokarlandyrmak babatda hem geljekde bir täzelik bolarmyka?
+2 ses
Awtor: (Magistr) | 25.06.2026 19:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#8632)
Gowy habar eken, aragatnaşyk ulgamynyň ösmegi örän wajyp. Göräjip zat. Göräýmäge, geljekde internetiň has hem gowulanmagyna garaşsa bolar öýdýän.
+1 ses
Awtor: (Magistr) | 03.07.2026 16:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#9382)
Gyzgyn, bu gaty gowy habar, ýöne internetiň tizligi ähli künjeklerde hem edil şeýle durnukly barmyka diýip gyzyklanýaryn. Bizde hem aragatnaşyk hasam kämilleşse gowy bolardy.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 12.07.2026 18:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#10236)
Gowy habar eken, daşary ýurt kompaniýalarynyň hem gyzyklanmasy biziň tehnologiýamyzyň ösýändigini görkezýär. Eýsem, geljekde bu hemradan internet tizligini has-da ýokarlandyrmak mümkin bolarmyka?
0 ses
Awtor: (Magistr) | 02.09.2026 17:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#15184)
Milli hemramyzyň şeýle giň gerimde hyzmat edýändigini eşidenim gowy boldy, geljekde internetiň has hem ýokarlanmagyna garaşýarys. Goňşy ýurtlaryň kompaniýalarynyň hem gyzyklanmasy sebitde abraýymyzyň artýandygyny görkezýär.

Bu Entryni Paýlaş !

Kategoriýalar

  1. durdy (174 oçko)
  2. semiz-we-aynekli (159 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...