2.3 milliard dollara Aşgabat-Türkmenabat awtobany gurlar

+4 ses
207
user-avatar-image Awtor: (Magistr) | Kategoriýa: Habarlar | 12.01.2019 05:55 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#302)
Köpugurly ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek arkaly Türkmenistanyň geoykdysady mümkinçiliklerini has doly peýdalanmak boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de ýurdumyzyň milli ykdysadyýetinde hususy pudagyň tutýan ornuny artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Türkmen Awtoban” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine buýrujy hem-de baş potratçy hökmünde çykyş etmek bilen, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň we onuň desgalarynyň taslamasyny düzmek hem-de olary ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak, şeýle hem olary dolandyrmak boýunça işleri ýerine ýetirmäge ygtyýar berildi.

Işlere 2019-njy ýylyň ýanwar aýynda başlamak we şu tapgyrlara laýyklykda awtomobil ýolunyň hem-de onuň desgalarynyň:

Aşgabat — Tejen bölegini 2020-nji ýylyň dekabr aýynda;

Tejen — Mary bölegini 2022-nji ýylyň dekabr aýynda;

Mary — Türkmenabat bölegini 2023-nji ýylyň dekabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

ÇEŞME: Türkmen Portal

12 Teswir

0 ses
Awtor: (Magistr) | 27.06.2026 08:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#8780)
Uly taslama eken, şeýle ýollaryň gurulmagy gaty gowy zat. Görüp oturarlyk, ýollar gowy bolsa ýurdumyzyň içindäki gatnawlaram ep-esli ýeňilleşer öýdýän.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 27.07.2026 03:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#11616)
Gaty gowy habar, ýollar gowulansa ýurdumyz üçin uly ýeňillik bolar. Ýöne bu ýoluň tölegli boljakdygy barada eşidenim dogrumyka?

Bu Entryni Paýlaş !

  1. nazaroff (568 oçko)
  2. merdan96 (487 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...