Rysgal banky MasterCard töleg ulgamynyň agzalygyna girýär

+2 ses
109
user-avatar-image Awtor: (Magistr) | Kategoriýa: Ykdysadyýet | 12.01.2019 06:03 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#303)
11-nji ýanwarda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer Goçmyrat Myradow döwlet Baştutanyna ýurdumyzyň bank ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen görülýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. Habar berlişi ýaly, müşderilere edilýän hyzmatlaryň gerimini giňeltmek we olaryň hilini ýokarlandyrmak üçin karz beriş edaralarynda nagt däl hasaplaşyklary geçirmegiň öňdebaryjy usullary giňden ulanylýar.

Häzirki günde “Altyn asyr” töleg ulgamynda “Internet-bank” we “Mobil-bank” hyzmatlaryny peýdalanýanlaryň sany artýar. Bu hyzmatlaryň kömegi bilen hususy bölege degişli müşderiler bank hasaplaryny karz edarasyna barmazdan, menzilara dolandyrmagy we hyzmatlaryň dürli görnüşlerini tölemegi amala aşyryp bilýärler. Ýakyn geljekde “Rysgal” paýdarlar-täjirçilik banky tarapyndan QR-koduň (dessin tassyklanylýan kod) ulanylmagy bilen tölegleri geçirmek ulgamyny işe girizmek meýilleşdirilýär.

Wise-premýer milletiň Liderine bu bankyň “MasterCard” halkara töleg ulgamynyň agzalygyna girmegi bilen baglanyşykly taýýarlyk işleri barada habar bermek bilen, bu ulgamyň töleg kartyny peýdalanýanlara niýetlenen halkara töleg kartlarynyň milli nusgalaryny Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna hödürledi.

Bank hyzmatlarynyň sanawyny giňeltmek we hilini artdyrmak, şol sanda halkara derejede giňeltmek, öňdebaryjy tejribäni hem-de innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak geljegi uly ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow milli peýdalanyjylar üçin “MasterCard” halkara töleg ulgamynyň plastik kartlarynyň hödürlenen nusgalaryny, umuman, makullap, wise-premýere birnäçe görkezmeleri berdi.

ÇEŞME: Türkmen Portal

10 Teswir

+3 ses
Awtor: (Magistr) | 21.03.2026 12:30 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#577)
Oho, bu gaty gowy habar eken! Indi daşary ýurtlara gitmek ýa-da internetden söwda etmek has hem aňsatlaşar öýdýän.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 25.03.2026 22:15 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#945)
Gyzgyn, bu gowy habar eken, inä! Indi daşary ýurtlara çykanda kynçylyk çekmän tölegleri edip bileris diýip umyt edýärin.
+2 ses
Awtor: (Talyp) | 26.03.2026 14:30 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1004)
Oho, bu gaty gowy habar eken! Indi daşary ýurtlara çykanda töleg etmek has hem aňsatlaşar öýdýän.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 31.03.2026 16:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1445)
Oho, bu gaty gowy habar! Daşary ýurtda ýa-da internetde söwda edýänler üçin köp kynçylygy çözjek ýaly, indi şol kartlary haçan ulanyp başlap bolarkä?
+2 ses
Awtor: (Magistr) | 17.04.2026 19:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2826)
Oho, bu gowy habar! Daşary ýurtlarda hem ulanyp bolar ýaly bolsa, hasam gowy bolardy.
+1 ses
Awtor: (Magistr) | 24.04.2026 13:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#3343)
Gyzgyn, gowy habar eken, inni daşary ýurtlara çykanda hem has aňsat bolar öýdýärin. Rysgal bankyň bu ädimini goldaýaryn, görübereli indi hyzmatlaryň hili nähili bolar.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 24.04.2026 21:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#3373)
Bu gaty gowy habar, indi daşary ýurtlarda töleg etmek has hem aňsatlaşar öýdýärin. Görüp otursak, tehnologiýalar barha öňe gidýär, bu bizi begendirýär.
+1 ses
Awtor: (Magistr) | 07.05.2026 16:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#4329)
Gyzgyn, bu gaty gowy habar, indi daşary ýurtlara çykanda töleg etmekler has ýeňilleşer öýdýärin. Rysgal bankyň bu işi rowaç bolsun, geljekde başga banklarda hem şeýle mümkinçilikler artar diýip umyt edýärin.
+1 ses
Awtor: (Magistr) | 17.05.2026 11:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#5143)
Bu gaty gowy habar, indi daşary ýurtlarda töleg etmek has hem aňsatlaşar öýdýärin. Göräýeli, haçan doly işläp başlarkalar?
0 ses
Awtor: (Magistr) | 20.05.2026 05:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#5396)
Ona gaty gowy habar. Ine, indi daşary ýurtlarda hem tölegleri kynçylyksyz amala aşyryp bileris öýdýärin.

Bu Entryni Paýlaş !

  1. nazaroff (576 oçko)
  2. bet-turkmen (518 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...