AFK-nyň resmi saýtynda Arslamyrat Amanow bilen söhbetdeşlik

+6 ses
301
user-avatar-image Awtor: (Magistr) | Kategoriýa: Sport | 13.01.2019 09:16 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#305)
Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň resmi saýtynda (www.the-afc.com) Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň kapitany, ýarym goragçy Arslanmyrat Amanow bilen söhbetdeşlik berildi. Söhbetdeşlik: «Çarşenbe gününde Ýaponiýanyň ýygyndysyndan 2:3 hasabyndaky utuşa garamazdan, türkmenistanly ýarym goraçy Arslamyrat Amanow «F» toparçada Özbegistan bilen geçiriljek duşuşygyň öňüsyrasynda maksada okgunly, ruhubelent görünýär» diýen sözlem bilen başlanýar.

Aziýanyň dört gezek çempiony bilen bolan duşuşygyň özleri üçin ýeňil bolmadyk synaga öwrülendigini aýdan ýarym goragçynyň duşuşygyň birinji ýarymynda uzak aralykdan ýyldyrym tizliginde geçiren pökgüsi Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň bu duşuşykda ilkinji bolup hasaby açmagyna getirdi.

― Ýeňlendigimize garamazdan, öňümizde ýene iki oýun bar, diýmek, indiki tapgyra çykmak mümkinçiligimiz hem bar. Tälimçimiziň görkezmelerini berk berjaý edip, Özbegistan bilen boljak duşuşykda juda hüşgär oýnamaly.

Elbetde, Ýaponiýa güýçli ýygyndy. Oýnuň ýeňil düşmejekdigini öňden hem bilýärdik. Muňa garamazdan, oglanlarymyzyň elinden gelen yhlasy gaýgyrmandygyny her kim hem görendir. Ýöne bu ― yklym çempionaty. Ýeňil duşuşyk ýok. Özbegistana garşy duşuşyk hem juda jogapkärli. Elbetde, biz ýeňiş gazanmak isleýäris.

Duşuşyk ― şu çempionatdaky ilkinji, belki-de ýeke-täk Merkezi Aziýa derbisi. Özümizi we janköýerlerimizi kanagatlandyrjak netije almak üçin elimizden gelenini gaýgyrmarys. Ýaponiýanyň ýygyndysyna garşy orta goýan sazlaşykly oýnumyz we yhlasymyz bize bu duşuşykda hem ýar bolar diýip umyt edýäris ― diýip, tejribeli ýarym goragçy saýtyň habarçysynyň sowallaryna jogap berdi.

Arslanmyrat Amanow duşuşykda hemmeleri haýran eden urgusy baradaky sowala şeýle jogap berdi:

― Beýle urgularyň birnäçesini ozal hem ençeme ýola dürs başarypdym. Ýene başarjakdygyma ynanýardym. Bu duşuşykda bolsa, pökgi şol ýere getirenimde öňümde hiç hili päsgelçiligiň ýokdugyny gördüm we bagtymy synadym. Görşüňiz ýaly, netijesini hem berdi.

ÇEŞME: Türkmen Portal

19 Teswir

+1 ses
Awtor: (Magistr) | 08.05.2026 21:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#4408)
Arslanyň uran pökgüsi hakykatdan hem owadan çykdy, ýaponiýalylar hem garaşmandyr. Özbegistan bilen oýunda hem şeýle şowly hereketleri göreris diýip umyt edýärin, ýigitlere üstünlik!
+2 ses
Awtor: (Magistr) | 19.05.2026 06:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#5306)
Gyzgyn, Arslanyň Ýaponiýa uran pökgüsi hakykatdan hem ajaýyp boldy, şol pursat özümiz näme duýduňyz? Özbegistan bilen oýunda hem şeýle şowlulyk garaşýarys, ýigitlerimize üstünlik!
+1 ses
Awtor: (Magistr) | 25.05.2026 17:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#5916)
Arslamyrat hakykatdanam ezber oýunçy, ýaponiýalylara uran goly örän ajaýyp boldy. Özbegistan bilen boljak oýunda hem şeýle ruh bilen oýnasalar, ýeňiş gazanyp biljekdiklerine ynanýaryn.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 29.05.2026 01:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#6007)
Arslanyň uran pökgüsi hakykatdan hem owadan çykdy, ýaponiýalylaryň derwezebany hem garaşmandy. Özbegistan bilen boljak oýunda hem şeýle şowlulyk ýar bolmagyny isleýärin.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 05.07.2026 21:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#9583)
Gyzgyn, Arslanyň şol uran pökgüsi hakykatdan hem ajaýypdy, telewizordan görüp oturyp haýran galdyk. Özbegistan bilen oýunda hem şeýle ruhubelentlik bilen çykyş edip, ýeňiş gazanmagyny dileýärin.
+2 ses
Awtor: (Magistr) | 16.07.2026 15:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#10610)
Arslamyrat hakykatdanam örän ökde oýunçy, şol uran pökgüsi bolsa edil kino ýaly boldy. Özbegistan bilen boljak oýunda hem şeýle şowlulyk ýar bolup, ýeňiş gazanmagymyzy isleýärin.
0 ses
Awtor: (Doktor) | 31.07.2026 00:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#11977)
Arslamyň Ýaponiýanyň derwezesine geçiren goly hakykatdan hem ajaýypdy. Özbegistan bilen boljak oýunda hem şeýle ruh bilen oýnasalar, ýeňiş gazanyp biljekdiklerine ynanýaryn.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 22.08.2026 19:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#14147)
Gyzgyn, Arslanmyrat hakykatdan hem uly iş etdi, gola gözüňi aýyrmaly däldi! Özbegistan bilen boljak oýunda hem şeýle ruhubelentlik bilen çykyş edip, ýeňiş gazanmagyny dileg edýäris.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 07.09.2026 08:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#15619)
Arslanyň uran goluny gördim, hakykatdan hem örän owadan boldy. Özbegistana garşy oýunda hem şeýle şowlulyk ýaran bolup, ýeňiş gazanmagyny arzuw edýärin!

Bu Entryni Paýlaş !

Kategoriýalar

  1. durdy (165 oçko)
  2. semiz-we-aynekli (154 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...