TÝL 2019: ilkinji transferler amala aşyryldy

+5 ses
241
user-avatar-image Awtor: (Magistr) | Kategoriýa: Sport | 22.01.2019 16:44 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#313)
Türkmenistanyň Milli futbol çempionatynyň täze möwsümine taýýarlygyň çäklerinde ýurdumyzyň futbol toparlary düzümlerini hem güýçlendirýärler. Ýakynda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýtynda (www.tff.com.tm) geçen möwsümde «Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň «Ahal» futbol toparynda çykyş eden Myrat Annaýew bilen Begenç Akmämmedowyň täze möwsümde ýurdumyzyň geçen ýylky çempiony ― Aragatnaşyk ministrliginiň «Altyn asyr» futbol toparyna goşulandygy habar berildi.

Bu futbolçylaryň ikisi hem hüjüme ýakyn bölekde çykyş edýär. Hüjümini güýçlendirmegi geçen ýyl AFK-nyň kubogynda finala çenli baryp ýeten «Altyn asyryň», bir tarapdan, täze möwsümde has ýiti hüjüm usulyny göz öňünde tutýandygyny aňlatsa, ikinji bir tarapdan, geçen möwsümde «aragatnaşykçylaryň» hatarynda çykyş eden käbir futbolçylaryň, şol sanda, hüjümçilerdir ýarym goragçylaryň käbiriniň täze möwsümiň bosagasynda toparyny täzeläp biljekdigini görkezýär.

«Ahalyň» ýene bir futbolçysy ― ýarym goragçy Orazberdi Myradow hem täze möwsümiň bosagasynda toparyny täzeledi. Ol öňde duran futbol möwsüminde paýtagtymyzyň «Aşgabat» futbol toparynyň üstünlikleri üçin göreşer.

ÇEŞME: Türkmen Portal

13 Teswir

+1 ses
Awtor: (Magistr) | 05.07.2026 13:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#9555)
Altyn asyr bu transferler bilen ýene-de çempionlyga esasy dalaşgär bolar öýdýän. Görüp oturaly, bu ýyl çempionat has gyzykly bolar diýip umyt edýärin.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 18.07.2026 12:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#10788)
Altyn asyr bu transferler bilen ýene-de çempionlyga esasy dalaşgär bolýar. Orazberdi Myradowyň Aşgabada geçmegi bolsa toparyň oýnuna nähili täsir ederkäm?
0 ses
Awtor: (Magistr) | 23.07.2026 02:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#11230)
Gyzgyn, bu transferler hakykatdanam gyzykly boldy, emma Altyn asyryň düzüminiň üýtgemegi oýuna nähili täsir ederkä? Umuman eder, göreris gaty gyzyklandyrýar. Göräli, täze möwsümde kimler özüni görke özüni has gowy tarapdan görkezer.

Bu Entryni Paýlaş !

  1. nazaroff (477 oçko)
  2. selbiska (410 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...