Horwatiýaly Ante Mişe - Futbol ýygyndymyzyň baş tälimçisi

+5 ses
117
user-avatar-image Awtor: (Magistr) | Kategoriýa: Sport | 20.03.2019 11:04 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#328)
51 ýaşly fransiýaly hünärmen Ante Mişe Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine bellenildi. Bu barada şu gün Türkmenistanyň Futbol federasiýasyndan Turkmenportala habar berdiler. Ozal bu wezipede Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň işländigini ýatladýarys. Ol bu işi "Altyn asyryň" baş tälimçiligi bilen birlikde alyp barypdy.

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň täze baş tälimçisi kim? Geliň, ony ýakyndan tanalyň!

Ante Mişe 1967-nji ýylyň 14-nji iýunynda Ýugoslawiýanyň Wukowar şäherinde (häzirki Horwatiýanyň çäklerinde) doguldy. Futbol oýnan ýyllarynda, esasan, ýarym goragda çykyş eden hünärmen dürli ýyllarda Horwatiýanyň Split şäheriniň "Haýduk", Bosnýa we Gersogowinanyň Banýa-Luka şäheriniň "Boras", Gollandiýanyň "Witess" we Sloweniýanyň "Mura" toparlarynyň üstünlikleri üçin göreşdi. Ol klublarda jemi 305 duşuşyk geçirip, şolarda 24 gezek tapawutlandy. Horwatiýanyň milli ýygyndysynyň köýnekçesini bolsa 7 duşuşykda geýdi. Onuň futbol oýnan ýyllarynda gazanan üstünlikleri: Ýugoslawiýanyň kubogy (1991), Ýugoslawiýanyň kubogynyň finalçysy (1990), üç gezek Horwatiýanyň çempiony (1992, 1994, 2001), üç gezek Horwatiýanyň kubogy (1993, 2000, 2003) we "Haýdugyň ýüregi" atly şahsy baýrak (1994).

Tälimçilik ýyllarynda ol "Dugopolýe", "Mosor", "Trogir", "Haýduk", "Istra 1961", "Witez" ýaly toparlary türgenleşdirdi. 20015 - 2017-nji ýyllar aralygynda bolsa Horwatiýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisiniň kömekçisi bolup işledi. Bosnýa we Gersogowinanyň Mostar şäheriniň "Zrinski" kluby Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň baş tälimçisiniň soňky işlän ýeridir.

Ýeri gelende, Horwatiýanyň milli ýygyndysynyň dünýäniň iň güýçli ýygyndylarynyň biridigini ýatlatmak isleýäris. Dünýä çempionaty - 2018-de kümüş medal eýelän horwat futbolçylary finalda Fransiýanyň ýygyndysyndan 2:4 hasabynda ýeňlipdiler.

ÇEŞME: Türkmen Portal

7 Teswir

+3 ses
Awtor: (Talyp) | 01.04.2026 17:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#1545)
Täze tälimçi bilen oýunymyz öňküsinden has gowulaşar diýip umyt edýärin. Görüp oturansyňyz, tejribesi erbet däl eken, göräýeris indi netijesini.
+1 ses
Awtor: (Talyp) | 11.04.2026 13:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2418)
Täze tälimçi bilen oýunlarymyz has gowulaşar diýip umyt edýärin. Görüp oturarsak, tejribesi ýaman däl eken, görýäris nämeler bolar.
0 ses
Awtor: (Talyp) | 18.04.2026 13:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2888)
Gyzgyn, gowy habar eken, täze tälimçi bilen oýunlarymyzyň derejesi ýokar bolar diýip umyt edýärin. Göräýeris-dä, indiki oýunda nähili netije görkezerler eken!
0 ses
Awtor: (Talyp) | 18.04.2026 16:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#2899)
Gyzgyn, habaryňyz üçin sag boluň! Täze tälimçi bilen milli ýygyndymyzyň oýny has gowulaş derejesi has gowulaşar diýip umyt edýärin, göreris-dä indi.
0 ses
Awtor: (Talyp) | 26.04.2026 09:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#3480)
Gowy täzelik eken, indi ýygyndymyzyň oýny has hem öňe gitmegine garaşýarys. Täze tälimçi bilen netije bolar diýip umyt edýärin.
0 ses
Awtor: (Talyp) | 01.05.2026 13:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#3802)
Täze tälimçi bilen oýunlarymyz has gowulaşar diýip umyt edýärin. Görüp oturarlyk, netijeleri nähili bolar eken.
0 ses
Awtor: (Talyp) | 03.05.2026 02:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#3925)
Gowy täzelik eken, umyt edýäris täze tälimçi bilen oýunymyzyň hili gowulanar. Görüp bilmeris, belki bu gezek netije bolup galar.

Bu Entryni Paýlaş !

  1. nazaroff (188 oçko)
  2. semiz-we-aynekli (167 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...