Serdar Berdimuhamedow DIM-niň 2023-nji ýyl üçin iş meýilnamasyny makullady

+3 ses
196
user-avatar-image Awtor: (Magistr) | Kategoriýa: Habarlar | 15.01.2023 06:11 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#344)
Habar berşimiz ýaly, şu gün sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi.    Mejlisiň barşynda wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 2023-nji ýyl üçin iş meýilnamasynyň taslamasy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, iş meýilnamasynyň taslamasy «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyndan», 2022 – 2028-nji ýyllarda ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Prezident maksatnamasyndan, «Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 – 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyndan», şeýle-de «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyndan» gelip çykýan wezipeleriň esasynda işlenip düzüldi.    Resminama Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny iş ýüzünde amala aşyrmak, daşary ykdysady gatnaşyklary giňeltmek, durnukly ösüşe hemmetaraplaýyn ýardam bermek, halkara gatnaşyklaryň has ynsanperwer bolmagyna goşant goşmak ýaly esasy wezipeleriň ýerine ýetirilmegine gönükdirilendir.    Şeýle-de iş meýilnamasynda Türkmenistanyň dünýäniň dürli ýurtlary bilen hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi babatdaky işler hem beýan edilýär. Onda halkara ykdysady hyzmatdaşlyga möhüm orun berilýär. Şeýle hem    Türkmenistanyň daşary ýurt döwletleri, halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygynyň çäklerinde ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn resminamalaryň taslamalaryny işläp taýýarlamak göz öňünde tutulýar.    Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik, oňyn bitaraplyk we «Açyk gapylar» ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty durmuşa geçirip, gyzyklanma bildirilýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen netijeli gatnaşyklary, ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda abraýly halkara guramalaryň çäklerinde yzygiderli ösdürjekdigini nygtady.    Döwlet Baştutany wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowa bu ugurdaky işleri yzygiderli dowam etmegi tabşyryp, ählumumy derejede parahatçylygyň we howpsuzlygyň esaslaryny pugtalandyrmaga ýardam etmäge gönükdirilen oňyn başlangyçlary ilerletmegiň we durmuşa geçirmegiň, şeýle hem şu ýyl üçin meýilleşdirilen halkara ähmiýetli hemme çärelere ýokary derejede taýýarlyk görmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.    Prezident Serdar Berdimuhamedow hödürlenen iş meýilnamasyny makullap, Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işgärleriniň ýurduň bähbitlerini hemmetaraplaýyn goramak boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli berjaý edip, türkmen döwletiniň halkara gatnaşyklar ulgamyndaky abraýyny has-da belende galdyrmak işine mynasyp goşant goşjakdyklaryna ynam bildirdi.

19 Teswir

+1 ses
Awtor: (Magistr) | 27.06.2026 14:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#8803)
Bu ýyl halkara gatnaşyklarymyz has hem giňär diýip umyt edýärin. Esasy zat halkymyzyň bähbidine bolýan başlangyçlar köp bolsun.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 02.07.2026 14:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#9279)
Täze ýylda diplomatlarymyza üstünlik arzuw edýärin, ýurdumyzyň halkara abraýy has hem belende galar diýip umyt edýärin.
+1 ses
Awtor: (Magistr) | 11.07.2026 11:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#10115)
Gowy habar, ýurdumyzyň halkara derejesindäki abraýy mundan hem beýläk artar diýip umyt edýärin. Görüp otursak, bu ýyl diplomatlar üçin işli ýyl boljak eken-ow.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 24.07.2026 05:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#11338)
Goý, ýurdumyzyň halkara abraýy mundan beýläk-de belende galsyn. Görüp otursak, şu ýyl hem diplomatlarymyz üçin işli ýyl boljak öýdýän.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 02.08.2026 02:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#12175)
Bu ýylam halkara gatnaşyklarymyz öňküdenem işjeň bolar öýdýän. Göräýeli, bu meýilnamalar durmuşa geçirilse, ýurdumyz üçin peýdasyny görer diýip umyt edýärin.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 05.08.2026 00:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#12456)
Bu ýylam halkara gatnaşyklarymyz has rowaçlansyn diýip umyt edýärin. Göräýeli, öňümizdäki günler nähili täzelikler bolar.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 06.08.2026 09:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#12587)
Gyzgyn, bu habaryňyzy okap bildim, daşary syýasatymyz boýunça ýene bir üstünlikli ädim boljakdygyna ynanýaryn. Göräýeli, bu ýyl halkara gatnaşyklarymyzda nähili täze özgerişler bolar.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 10.08.2026 02:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#12944)
Gyzgyn, bu habaryňyzy okap, ýurdumyzyň daşary syýasatda has-da öňe gitjekdigine begenýärin. Görüp otursaň, halkara derejesindäki abraýymyz barha ýokarlanýar, bu örän gowy ýagdaý.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 15.08.2026 11:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#13450)
Gyzgyn, bu iş meýilnamasy üstünlikli bolar diýip umyt edýärin. Daşary syýasatymyz barha güýçlenýär, görseň, ýurdumyz üçin peýdaly netijeler köp bolar.

Bu Entryni Paýlaş !

Kategoriýalar

  1. nazaroff (376 oçko)
  2. merdan96 (335 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...