Aşgabatda aprel aýynda III Açyk halkara matematika olimpiadasy geçiriler

+5 ses
205
user-avatar-image Awtor: (Magistr) | Kategoriýa: Habarlar | 15.01.2023 06:23 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#345)
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde wise-premýer N.Amannepesow ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde halkara olimpiadalary geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Şol olimpiadalaryň biri Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde geçiriler.    Hasabatda bellenilişi ýaly, «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynda» kesgitlenen wezipeleri durmuşa geçirmek, bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek maksady bilen, şu ýylyň 23 — 28-nji apreli aralygynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde talyplaryň arasynda III Açyk halkara matematika olimpiadasyny ilkinji gezek Aşgabat şäherinde geçirmek göz öňünde tutulýar.    Halkara olimpiada Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryndan başga-da, Russiýa Federasiýasynyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Italiýa Respublikasynyň, Rumyniýanyň, Türkiýe Respublikasynyň, Hindistan Respublikasynyň, Belarusuň, Özbegistanyň, Gazagystan Respublikasynyň we beýleki onlarça döwletiň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.    Döwlet Baştutany şeýle aň-paýhas bäsleşikleriniň geçirilmeginiň diňe bir zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga däl, eýsem, dürli halklar bilen dostlukly gatnaşyklary hem-de dünýäniň esasy ýokary okuw mekdepleri we ylmy merkezleri bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam edýändigini nygtap, wise-premýere meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

16 Teswir

0 ses
Awtor: (Magistr) | 16.06.2026 18:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#7772)
Bu örän gowy habar, ýaşlarymyz üçin uly mümkinçilik. Görüp otursak, dünýäniň dürli künjeklerinden talyplaryň gelmegi ýurdumyzyň abraýyny has-da ýokarlandyrar.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 03.07.2026 10:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#9358)
Gyzgyn, bu gaty gowy habar, ýaşlarymyz üçin uly mümkinçilik! Görüp otursak, dünýäniň dürli künjeginden talyplar geler eken, Aşgabadyň şeýle iri çärelere meýdança bolmagy buýsançly.
+1 ses
Awtor: (Magistr) | 08.07.2026 08:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#9813)
Gaty gowy habar, ýaşlarymyzyň halkara derejesinde özüni görkeýişmegi guwandyrýar. Biziň talyplarymyza üstünlik arzuw edýärin, ýeňiş gazanyp gelmekleri nesip etsin.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 09.07.2026 14:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#9932)
Gaty gowy habar, ýaşlarymyz üçin uly mümkinçilik. Görüp otyrsak, dünýäniň dürli künjeklerinden talyplar geler eken, guramaçylyk işlerine üstünlik arzuw edýärin.
+1 ses
Awtor: (Magistr) | 18.07.2026 08:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#10774)
Gaty gowy habar, ýaşlarymyz üçin uly mümkinçilik. Görüp bilsek peýdaly bolardy, tomaşaçylar üçin rugsat berilýärmikä?
0 ses
Awtor: (Magistr) | 05.08.2026 07:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#12485)
Gyzgyn, bu gaty gowy habar, ýaşlarymyzyň dünýä derejesinde bäsleşmegi bizi guwandyrýar. Görüp otursak, gatnaşjak ýurtlaryň sany hem ep-esli köp eken, guramaçylyk işlerine üstünlik arzuw edýärin.

Bu Entryni Paýlaş !

Kategoriýalar

  1. nazaroff (378 oçko)
  2. merdan96 (337 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...