20-nji martda Türkmenistanda syýahatçylyk boýunça halkara maslahat geçiriler

+3 ses
211
user-avatar-image Awtor: (Magistr) | Kategoriýa: Habarlar | 15.01.2023 06:23 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#346)
Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.    Mejlisiň barşynda M.Mämmedowa «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.    Bellenilişi ýaly, milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek, türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasyny giňden wagyz etmek maksady bilen, 2023-nji ýylyň 20-nji martynda «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahaty geçirmek meýilleşdirilýär.    Halkara forumyň barşynda daşary ýurtly myhmanlary «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy, Türkmenistanyň özboluşly taryhy-medeni, tebigy ýadygärlikleri, muzeýleri we syýahatçylyk mümkinçilikleri bilen tanyşdyrmak, ýurtda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli geçiriljek çärelere gatnaşdyrmak göz öňünde tutulýar.    Şeýle-de maslahata gatnaşyjylara täze syýahatçylyk ugurlaryny işläp taýýarlamak boýunça özara pikir alyşmak mümkinçiligi dörediler.    Bulardan başga-da, syýahatçylyk kärhanalarynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky resminamalara gol çekmek meýilleşdirilýär.    Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň esasy şertleri bolup durýan hem-de Türkmenistanyň dost-doganlyk, ynsanperwerlik we hoşmeýillilik ýörelgelerine ygrarlydygyny aýdyň görkezýän döwrebap syýahatçylyk ulgamyny ösdürmegiň ähmiýetini belledi.    Döwlet Baştutany ýurduň syýahatçylyk pudagynyň gazanýan üstünliklerine we kuwwatyna bagyşlanan iri çäreleriň geçirilmeginiň Türkmenistanyň dünýä giňişligindäki abraýynyň has-da belende galmagyna hem-de bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam etmelidigini nygtap, wise-premýere forumy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

15 Teswir

+1 ses
Awtor: (Magistr) | 03.06.2026 14:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#6525)
Gaty gowy habar, bahar paslynda Awazany görmek ýakymly bolar. Görüp otursak, syýahatçylyk pudagymyz barha rowaçlanýar, bu ýyl daşary ýurtly myhmanlar köp bolar diýip umyt edýärin.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 11.06.2026 15:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#7280)
Gowy habar eken, syýahatçylyk pudagymyz ösäýse gowy bolar. Görüp otursak, Nowruz baýramy bilen gabat gelmegi myhmanlar üçin has gyzykly bolar öýdýärin.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 22.06.2026 01:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#8279)
Gyzgyn, bu gaty gowy habar, ýurdumyzyň taryhy ýerlerini daşary ýurtlylaryň görüp bilmegi biziň üçin hem guwandyryjy. Görüpdir. Göräýeli, bu maslahatdan soň syýahatçylyk pudagynda nähili täzelikler bolar.
+1 ses
Awtor: (Magistr) | 27.06.2026 18:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#8820)
Gaty gowy habar, syýahatçylyk pudagy össe ýurdumyza gelýän myhmanlaram köpeler. Nowruz baýramy bilen gabat geleni hasam gyzykly boljak eken.
+1 ses
Awtor: (Magistr) | 13.07.2026 05:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#10281)
Gyzgyn, bu gaty gowy habar, ýurdumyzyň taryhy ýerlerini daşary ýurtlulara görkezmek biziň medeniýetimizi dünýä ýaýmaga kömek eder. Nowruz baýramy bilen gabat geleni has-da gyzykly bolar öýdýän.

Bu Entryni Paýlaş !

Kategoriýalar

  1. nazaroff (572 oçko)
  2. merdan96 (496 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...