Türkmenistanda B-92 kysymly awiabenzin öndürilip başlandy

+3 ses
365
user-avatar-image Awtor: (Magistr) | Kategoriýa: Habarlar | 15.01.2023 06:23 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#348)
Bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde aýdyldy.    Mejlisiň barşynda wise-premýer Ş.Abdrahmanow hasabatynyň çäklerinde «Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň öndürýän nebit önümleriniň görnüşlerini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hem aýdyp, döwlet Baştutanyna täze, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümiň — B-92 kysymly awiabenziniň öndürilip başlanandygy baradaky hoş habary ýetirdi.    Hasabatda bellenilişi ýaly, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi tarapyndan bilelikde önümiň bu görnüşini öndürmek boýunça tehniki şertler işlenip taýýarlanyldy we degişli işler ýerine ýetirildi.    Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu möhüm ugurda geçirilýän işleriň wajypdygyny belledi hem-de milli ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň biri hökmünde ýangyç-energetika toplumyny hemmetaraplaýyn ösdürmegiň zerurdygyny nygtady.

25 Teswir

0 ses
Awtor: (Magistr) | 05.08.2026 20:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#12538)
Gyzgyn, bu gaty gowy habar eken, daşyndan getirilýän harytlaryň azalmagy ykdysadyýetimiz üçin uly üstünlik. Göräýeliň, geljekde başga nähili täze önümler öndürilip başlanar.
+1 ses
Awtor: (Doktor) | 07.08.2026 20:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#12727)
Bu gaty gowy habar, özümizde öndürilmegi daşary ýurt harytlaryna garaşlylygy kemelder. Hatyjanyň hilini barlap görenler barmyka, nämeler diýýärler?
+1 ses
Awtor: (Doktor) | 17.08.2026 03:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#13609)
Gowy habar eken, daşary ýurt harydynyň ornuny tutýan önümleriň köpelmegi örän gowy zat. Göräýmeli, hil derejesi nähilikä?
0 ses
Awtor: (Doktor) | 01.10.2026 09:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#17753)
Gowy habar eken, daşary ýurtdan getirilýän harytlaryň azalmagy biziň ykdysadyýetimiz üçin örän peýdaly. Görüp otursak, özümizde hem öndürip bilýän ekenik-dä.
0 ses
Awtor: (Doktor) | 15.10.2026 02:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#19003)
Gaty gowy habar eken, şeýle önümleriň özümizde öndürilmegi dogrudanam begendirýär. Görüp otursak, tehnologiýa taýdan öňe gidýäris diýmek bolar.

Bu Entryni Paýlaş !

Kategoriýalar

  1. selbiska (416 oçko)
  2. josgun (408 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...