Türkmenistan we Fransiýanyň işewür toparlary hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen baglanyşykly köp sanly meseläni ara alyp maslahatlaşdylar

+4 ses
125
user-avatar-image Awtor: (Magistr) | Kategoriýa: Habarlar | 15.01.2023 06:23 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#363)
Fransiýanyň Söwda palatasynyň başlangyjy bilen öňdebaryjy fransuz kompaniýalarynyň wekilleriniň hem-de Türkmenistanyň bu ýurtdaky ilçihanasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda günortanlyk naharynyň başynda duşuşyk geçirildi.    Duşuşyga «VINCI Construction», «CARPI Tech», «MEDEF International», «SAFRAN», «PMJC», «CIS Energy», «IN Groupe», «Thomson Broadcast», «Oberthur», «Airbus D&S», «Saberatours» ýaly kompaniýalaryň wekilleri gatnaşdylar.    Duşuşyk oňa gatnaşyjylara Türkmenistan bilen Fransiýanyň arasyndaky söwda we ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen köp sanly meseläni, şeýle hem ösüşi üçin geljegi uly ugurlary ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berdi.        Türkmenistanyň ilçisi Maksat Çaryýew, fransuz tarapyna Türkmenistanda döredilen amatly şertler barada maglumat berdi we maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmagy teklip etdi. Maýa goýum ugurlary üçin himiýa senagaty, gaz we nebithimiýa, dokma senagaty we oba hojalygy ýaly ugurlar teklip edilýär. Şeýle hem ilçi daşary ýurt maýasynyň gatnaşmagynda durmuşa geçirmek üçin meýilleşdirilýän taslamalary anyk kesgitleýän pudaklaýyn ösüş maksatnamalary barada aýtdy.    Ilçi Türkmenistanyň çäginde türkmen kompaniýalary, şol sanda IT kompaniýalary bilen bilelikdäki kärhanalary döretmegi teklip etdi.    Türkmenistan Döwlet gümrük gullugynyň wekili S.Berdiýew ýygnananlara Türkmenistanda eksport we import şertnamalaryny hasaba almagyň tertibi barada gürrüň berdi. Duşuşygyň barşynda fransuz işewürleriniň wekilleri özlerini gyzyklandyrýan soraglaryna giňişleýin jogap aldylar.    Türkmenistanyň Pariždäki ilçihanasynyň metbugat gullugynyň habaryna görä, günortanlyk naharynyň başynda fransuz telekeçileri bilen hemişelik gepleşik gurmak üçin şeýle çäreleri geçirmegi yzygiderli dowam etdirmek kararyna gelindi.

16 Teswir

0 ses
Awtor: (Magistr) | 11.05.2026 16:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#4667)
Bu gaty gowy habar, fransuz kompaniýalarynyň gelmegi bilen tehnologiýa taýdan öňe gitmegimize garaşýaryn. Görüp otursak, aramyzdaky hyzmatdaşlyk barha ýygjamlaşýar ekeni.
+1 ses
Awtor: (Magistr) | 15.05.2026 16:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#4978)
Fransuz kompaniýalary bilen gatnaşyklaryň pugtalanmagy gowy habar, esasanam IT pudagynda hyzmatdaşlyk etmek köp ýaşlara täze mümkinçilikler açar. Görüp otursak, aramyzdaky söwda gatnaşyklary barha giňeýär eken, geljekde netijeli taslamalaryň bolmagyna garaşýarys.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 16.05.2026 12:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#5055)
Gyzgyn, bu gowy habar. Fransuz kompaniýalarynyň gelmegi bilen ýurdumyzda täze iş orunlary köpeläýse hemmämiz üçin peýdaly bolardy.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 17.05.2026 00:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#5102)
Bu gowy habar, fransuz kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk etmek ykdysadyýetimiz üçin uly itergi bolar. IT pudagynda bilelikdäki kärhanalar döredilse, ýaşlar üçin täze mümkinçilikler açylardy.
0 ses
Awtor: (Talyp) | 24.05.2026 12:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#5804)
Fransuz kompaniýalarynyň gelmegi gowy habar, esasanam IT pudagynda hyzmatdaşlyk etseler hasam gowy bolardy. Göräýeli, bu hyzmatdaşlykdan geljekde nähili netijeler bolar.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 28.05.2026 22:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#5993)
Bu gowy habar, fransuz kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk etmek ykdysadyýetimiz üçin uly itergi bolar. IT pudagynda bilelikdäki kärhanalaryň döredilmegi hakykatdanam öz wagtynda edilen teklip boldy.

Bu Entryni Paýlaş !

  1. nazaroff (576 oçko)
  2. bet-turkmen (518 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...