Türkmenistanyň ýetginjekler we ýaşlar zenanlar ýygyndylary Aşgabatda türgenleşýärler

+4 ses
209
user-avatar-image Awtor: (Magistr) | Kategoriýa: Habarlar | 15.01.2023 06:23 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#365)
Aziýa Kubogy – 2024-iň saýlama tapgyryna taýýarlygyň çäginde ýetginjeklerden (U17) hem-de ýaşlardan (U20) düzülen Türkmenistanyň zenanlar ýygyndy toparlarynyň gatnaşmagynda paýtagtyň Olimpiýa şäherçesiniň türgenleşik meýdanynda okuw-türgenleşik ýygnanyşygy geçirilýär. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasy habar berdi.    14-nji ýanwara çenli dowam etjek okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň dowamynda Kamil Mingazowyň ýolbaşçylygyndaky tälimçiler düzümi iki ýaş derejesindäki ýygyndylaryň hataryna çagyryljak oýunçylary gözden geçirerler. Ýeri gelende bellesek, okuw-türgenleşik ýygnanyşygy Türkmenistanyň ähli künjeklerinden gelen oýunçylaryň gatnaşmagynda geçirilýär.    Yklym ýaryşyna taýýarlyk görýän ýygyndy toparynyň türgenleşik ýygnanyşygynyň Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň guramagynda geçirilýändigini bellemek gerek.    Ýetginjekler (U17) hem-de ýaşlar (U20) zenanlar ýygyndy toparlarynyň 2023-nji ýylda ýylda geçiriljek Aziýa Kubogy – 2024-iň saýlama tapgyrynda çykyş ederler.    Türkmenistanyň 20 ýaşa çenli ýaşlardan düzülen zenanlar ýygyndysy (U20) Aziýa Kubogy – 2024-iň saýlama tapgyrynda «H» toparçada bäsleşer. Geçirilen bije çekişligiň netijesinde Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysynyň garşydaşlary Eýranyň hem-de Bangladeşiň ýygyndylary bolar.    Saýlama tapgyryň duşuşyklary 2023-nji ýylyň 6-12-nji martynda geçiriler. Bu toparçanyň duşuşyklarynyň merkezleşdirilen görnüşinde Bangladeşde geçirilmegine garaşylýar.    Türkmenistanyň 17 ýaşa çenli ýetginjeklerden düzülen zenanlar ýygyndysy (U17) bolsa Aziýa Kubogy – 2024-iň saýlama tapgyrynda «D» toparçada çykyş etmäge mümkinçilik aldy. Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysynyň garşydaşlary Bangladeşiň, Singapuryň hem-de BAE-niň ýygyndy toparlary boldular.    Saýlama tapgyryň birinji aýlawynyň duşuşyklary 2023-nji ýylyň 22-30-njy aprelinde geçiriler. Bu toparçanyň duşuşyklarynyň merkezleşdirilen görnüşinde Singapurda geçirilmegine garaşylýar.

17 Teswir

0 ses
Awtor: (Magistr) | 26.06.2026 16:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#8714)
Gyzlarymyza Aziýa Kubogynda üstünlik arzuw edýärin. Biziň zenanlar futbolymyz ösüp başlasa, geljekde has gowy netijeleri garaşyp bolar.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 06.07.2026 03:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#9605)
Gyzlarymyza uly üstünlikler arzuw edýärin. Sportumyzyň ösmegi üçin bu örän gowy täzelik, goý, ýaryşlarda mynasjylarymyz ýaryşlarda mynasyp çykyş etsinler!
0 ses
Awtor: (Magistr) | 24.07.2026 13:54 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#11370)
Gyzlarymyza Aziýa kubogynda üstünlik arzuw edýärin. Sportumyzyň ösmegi bizi diýseň begendirýär, ýaryşlarda mynasyp çykyş ederler öýdýärin.
+1 ses
Awtor: (Magistr) | 29.07.2026 19:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#11859)
Gyzgyn, gyzlarymyza şeýle ýaryşlarda üstünlik arzuw edýärin, hakykatdan hem uly işler edilýär. Görüp otyrsak, türgenleşik üçin gowy mümkinçilikler döredilýär, göräýeli näme bolar.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 13.08.2026 06:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#13243)
Gyzlarymyza Aziýa Kubogynda üstünlik arzuw edýärin. Eýran we Bangladeş ýaly güýçli garşydaşlar bilen oýnamak uly tejribe bolar, hemmesine şowly geçmegini dileýärin.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 21.08.2026 02:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#13985)
Gyzgyn, gyzlarymyza bu ýaryşlarda üstünlik arzuw edýärin, göräris, ýurdumyzyň adyny belent tutsalar gowy bolardy. Görüp otursak, garşydaşlary hem ýeňil däl eken, oýunlar gyzykly bolar diýip umyt edýärin.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 23.08.2026 22:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#14254)
Gyzgyn, gaty gowy habar eken, gyzlarymyza saýlama tapgyrlarda uly üstünlikler arzuw edýärin. Görüp otursak, garşydaşlaram ýeňil däl ýaly, görýäris-dä indi nämelerini!

Bu Entryni Paýlaş !

Kategoriýalar

  1. nazaroff (464 oçko)
  2. merdan96 (404 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...