Rahat Japarow Belarusyň «Gomel» toparynda synagdan geçýär

+2 ses
467
user-avatar-image Awtor: (Magistr) | Kategoriýa: Habarlar | 19.01.2023 23:40 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#374)
Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň derwezeçisi Rahat Japarow şu günler Belarusyň «Gomel» futbol toparynyň okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna gatnaşyp, ol bu toparyň tälimçileriniň synagyna gatnaşýar.    Eger Rahat tälimçileriň göwnünden turup bilse, ol karýerasyny Belarusyň çempionatynda dowam etdirip biler. Futbolçynyň agenti Gennadiý Hristoforidi türkmen metbugatyna beren maglumatynda Gomel şäheriniň toparynyň türkmenistanly derwezeçi bilen şertnama baglaşmaga ýakyndygyny aýtdy.    Rahat Japarowa Ermenistan we Gruziýanyň toparlaryndan hem teklip geldi. Häzir bu toparlar futbolçynyň öz pikirine garaşýarlar. Rahat Japarow bilen Özbegistanyň «Surhon» topary hem ýakyndan gyzyklanýar.    Maglumat üçin belläp geçsek, Rahat Japarow 2021-nji ýylda «SSKA-nyň» düzüminde Täjigistanyň çempionatynyň iň gowy derwezebany bolmagy başaran bolsa, ol 2022-nji ýylda bu netijäni «Abdyş-Atanyň» düzüminde — Gyrgyzystanda gaýtalamagy başardy.

12 Teswir

0 ses
Awtor: (Magistr) | 11.08.2026 13:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#13081)
Gyzgyn, Rahat hakykatdanam zehinli derwezeban, daşary ýurtda oynamagy öwrenişen ýaly bolup görünýär. Belarus çempionaty oňa karýerasyny ösdürmek üçin gowy ädim bolar öýdýärin.
0 ses
Awtor: (Magistr) | 12.08.2026 06:18 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#13148)
Gyzgyn, Rahadyň görkezijileri hakykatdan hem täsir hem gowy eken, özüni daşary ýurtda görkezip bilmegine begenýärin. Sizçe ol Belarusda esasy düzüme girip bilermikä?

Bu Entryni Paýlaş !

Kategoriýalar

  1. nazaroff (394 oçko)
  2. merdan96 (366 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...