Aşgabatda «Ýaşlyk ýyllarymyzyň aýdymlary» ýaňlanar

+5 ses
589
user-avatar-image Awtor: (Magistr) | Kategoriýa: Habarlar | 19.01.2023 23:40 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#378)
Eger siz ýaşlyk ýyllaryňyzda gulagyňyzda galan aýdymlary küýsän bolsaňyz, 22-nji ýanwar gününiň agşamynda Aşgabatda geçiriljek konsertiň myhmany bolup, gulaklaryňyzyň posuny açyp bilersiňiz.    Şol gün Mukamlar köşgünde geçiriljek konsertde Türkmenistanyň görnükli estrada ýyldyzlary öz ýaşlyk ýyllarynyň meşhur aýdymlaryny ýatlarlar we geçen ýyllaryň daşary ýurt hitlerini ýerine ýetirerler.        Konsertde dünýä meşhur «Kawkaz ýesiri», «Disko tansçysy», «Alybaba we kyrk garakçy», «Titanik» ýaly filmleriň aýdymlary we sazlary ýaňlanar.    Konsert 22-nji ýanwar güni agşam sagat 18-de başlanar.

21 Teswir

0 ses
Awtor: (Magistr) | 06.09.2026 14:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#15547)
Gyzgyn, gaty gowy habar eken, bu aýdymlar adamy öz ýaşlygyna alyp gidýär. Biletleri nireden alyp bolar, habaryňyz barmy?

Bu Entryni Paýlaş !

Kategoriýalar

  1. durdy (167 oçko)
  2. semiz-we-aynekli (157 oçko)
Baýraklar
  • 1-nji Agza Baýragy: 200 oçko
  • 2-nji Agza Baýragy: 150 oçko
  • 3-nji Agza Baýragy: 100 oçko
...